Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jin «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.
Şu ýylyň 1-nji noýabrynda geçiriljek forum ykdysadyýetiň, durmuşyň dürli gatlaklaryndan 200-e golaý wekili bir ýere jemlär. Forumda ekologiýa, saglygy goraýyş, ulag, maglumat tehnologiýasy hem-de bilim ýaly dürli ugurlardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň başlygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşjakdygy we Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirjekdigi bellenilýär. Bu barada Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri taryhda ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen gelýändigi bellenilýär.
Belläp geçsek, foruma Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.