15 – 20-nji okt­ýabr­da “Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry” agent­li­gi­niň we­kil­le­ri Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Gu­an­žou şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Kan­ton ser­gi­si­ne gat­naş­dy­lar. Kan­ton ser­gi­si dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den işe­wür we se­na­gat we­kil­le­ri­ni ýyg­na­ýan hal­ka­ra ser­gi­si­dir. Hy­ta­ýa eks­port we im­port edil­ýän äh­li ha­ryt­la­ry üçin, bu uly göw­rüm­li we ge­rim­li ge­çi­ril­ýän Kan­ton hal­ka­ra ser­gi­si ýy­lyň do­wa­myn­da iki ge­zek ge­çi­ril­ýär.
Sa­pa­ryň do­wa­myn­da Agent­li­giň we­kil­le­ri ýer­li tek­lip­le­ri öw­ren­mek, şeý­le hem iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da, yk­dy­sa­dy we ulag ul­ga­my­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len köp du­şu­şyk­lar we gep­le­şik­ler ge­çir­di­ler.
Ýur­du­my­zyň gä­mi gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ser­gä gat­na­şan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň bir­nä­çe ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len, ýag­ny, Klas­si­fi­ka­si­on jem­gy­ýet­le­ri ta­ra­pyn­dan la­ýyk­lyk se­ri­fi­ka­ty bo­lan keb­şir­leý­ji elekt­rod we sim ön­dür­ýän «Ti­an­jin Min­me­tals CO.,LTD» kom­pa­ni­ýa­sy, «Ti­an­jin Gol­den Brid­ge Wel­ding Ma­te­rials Group CO.,LTD.» kom­pa­ni­ýa­sy hem-de «Bmm Science & Techno­lo­gy» kor­po­ra­si­ýa­sy, Ha­zar deň­zi­niň we Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ýa­şyl sy­ýa­sa­ty­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, gä­mi­le­riň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­rin­den ho­wa zy­ňyl­ýan ha­pa­laý­jy mad­da­la­ry (CO2) azalt­mak (di­kar­bo­ni­za­si­ýa) üçin ni­ýet­le­nip gur­nal­ýan ka­ta­li­tik kon­wer­ter­le­ri ön­dür­ýän «Three Way Group Exhaust» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len, de­ňiz kon­teý­ner­le­ri­ni ön­dür­mek­de peý­da­lan­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­mek üçin, üçek ört­gü­si­ni ýa­sa­ýan en­jam­la­ry ön­dür­ýän «Cangz­hou Xin­ding­li Cold Ben­ding Machi­ne­ry CO.,LTD» kom­pa­ni­ýa­sy hem-de şol üçek ört­gü­si­niň ma­te­ri­al­la­ry­ny ön­dür­ýän «Zhengz­hou City Uni­tes Steel in­dust­ri­al CO., LTD» we «Shan­dong Zhongs­heng Ma­te­rials CO.,LTD» kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Bu sa­par, türk­men we­ki­li­ýe­ti üçin Hy­taý ba­za­ry­ny, aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny we teh­no­lo­gi­ki tä­ze­lik­le­ri­ni öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik bol­dy.
Bu ba­ra­da «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.