Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de ozal bar bolan “A” we “B” binalarynyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirmek barada “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Resminama laýyklykda, şertnamada binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.