Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň sarp edi­ji­le­ri­ni elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly we bök­denç­siz üp­jün et­mek, türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak, elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy­na tä­ze, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň “Türk­me­ne­ner­go” döw­let elekt­roe­ner­ge­ti­ka kor­po­ra­si­ýa­sy­na Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da kuw­wat­ly­ly­gy 1574 me­ga­wat bo­lan, ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny we ony ener­goul­ga­ma bi­rik­dir­mek üçin ge­rek bo­lan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry gur­mak hem-de bar bo­lan döw­let elekt­rik stan­si­ýa­la­ry üçin ze­rur bo­lan äti­ýaç­lyk şaý­la­ry sa­tyn al­mak ba­ra­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň “Ça­lik Ener­ji Sa­nayi ve Ticaret A.Ş.” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, şert­na­ma­da elekt­rik stan­si­ýa­sy üçin elekt­rik, ara­gat­na­şyk, gaz, suw üp­jün­çi­li­gi­niň we la­gy­myň meý­dan­ça­dan da­şar­ky el­ti­ji in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň hem-de des­ga­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek ýa-da tä­ze­le­ri­ni gur­mak, ola­ry umu­my şä­her ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da baş­la­mak we des­ga­ny 2027-nji ýy­lyň maý aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip ber­mek tab­şy­ryl­dy.