28-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar hem-de ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bu ugurda köp sanly başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geljek hepdede — 4-nji noýabrda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.