28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi hem-de “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alyp, halkara agentlikler bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.