Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, 29-njy okt­ýabr­da Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň top­lu­myn­da Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li esa­sy çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Da­ba­ra­ly çä­re­le­riň çäk­le­rin­de «Ýy­lyň türk­men eder­men ala­ba­ýy» at­ly hal­ka­ra bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri-de yg­lan edil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, in­di üçün­ji ge­zek ge­çi­ri­len bu hal­ka­ra bäs­le­şik­de şu ýyl «Ýy­lyň türk­men eder­men ala­ba­ýy» ady­na Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li Ak­han at­ly türk­men ala­ba­ýy my­na­syp bol­dy. Ony Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan it­şy­na­sy, ka­pi­tan Be­genç Ba­ke­ýew ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di hem-de bu bäs­le­şi­ge taý­ýar­la­dy. Bu eder­men ala­ba­ýyň ide­di­ji­si bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň Har­by bö­lü­mi­niň es­ge­ri Mer­gen An­na­my­ra­dow­dyr.
Emin­ler to­pa­ry­nyň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň halk su­rat­ke­şi Sa­ragt Ba­ba­ýew to­pa­ryň çöz­gü­di­ni yg­lan eden­soň, hal­ka­ra bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Baş baý­ra­gy — aw­tou­la­gyň aça­ry, ýö­ri­te me­dal, göç­me ku­bok we dip­lom gow­şu­ryl­dy.