25-27-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi geçirilýär. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ne­bit­gaz top­lu­my­nyň işe­wür dü­züm­le­ri­niň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, bu ul­gam­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ler­men­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar.
Da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, bank­la­ryň bir­nä­çe we­kil­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly go­şul­dy­lar. Şu ge­zek­ki fo­rum ýüz­ler­çe ada­my, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ryň 45-den gow­ra­gyn­dan we­kil­le­ri bir ýe­re jem­le­di. Ýyg­na­nan­lar ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hal­ka­ra, se­bit we mil­li de­re­je­de se­na­ga­tyň gel­jek­ki stra­te­gi­ýa­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge ba­gyş­la­nan dün­ýä­niň ne­bit ba­za­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, bu ul­gam­da mar­ke­ting stra­te­gi­ýa­la­ry ba­ra­da­ky sel­je­riş-syn mag­lu­mat­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.
Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu fo­rum Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Di­ýa­ry­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny giň­den ta­nyş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň hü­när­men­le­ri­niň, Ýew­ro­pa­nyň, Azi­ýa­nyň, Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ara­syn­da işe­wür­lik we gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, tä­ze tas­la­ma­la­ry işe gi­riz­mek, dün­ýä­dä­ki ýag­daý­lar hem-de pu­da­gyň gel­jek­ki ösüş ugur­la­ry bi­len ta­nyş­mak üçin oňyn meý­dan­ça bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi za­lyn­da eks­po­nent­le­riň 70-e go­la­ýy, şo­la­ryň ha­ta­ryn­da da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 40-a go­la­ýy, hu­su­san-da, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Da­ni­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan, Sin­ga­pur­dan, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­dan, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­dan, Fran­si­ýa­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan we­kil­ler di­war­lyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­dy­lar. Bu ýer­de ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny göz­läp tap­mak, çy­kar­mak, iber­mek we sak­la­mak ul­ga­my­ny üp­jün et­mek, çuň bu­raw­la­mak, ozal­ky he­re­ket ed­ýän tur­ba ge­çi­ri­ji­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ryň tä­ze­le­ri­ni gur­mak, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ry art­dyr­mak, gu­ýu­la­ryň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da hyz­mat­la­ryň giň top­lu­my gör­ke­zil­ýär.
«Türk­men­gaz», «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri­niň we «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da iş­le­ýän on­lar­ça pu­dak­la­ýyn kär­ha­na­la­ryň, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň di­war­lyk­la­ry ser­gi­niň esa­sy bö­le­gi­ni eýe­le­di. Ne­bit­gaz pu­da­gyn­da bol­şy ýa­ly, me­tal­lur­gi­ýa, hi­mi­ýa, ma­şyn­gur­lu­şyk, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ryn­da, se­na­gat ul­ga­myn­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gik we teh­ni­ki kuw­wa­ta eýe bo­lan da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri öz önüm­le­ri­ni, müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ta­nyş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ep-es­li gi­ňelt­mä­ge, işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem amat­ly müm­kin­çi­lik al­dy­lar.

«Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy – 2023» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat­da ener­ge­ti­ka ba­za­ry­nyň ösü­şin­dä­ki äh­lu­mu­my ýag­daý­la­ra we hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek ar­ka­ly, şol san­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça ozal­dan bar bo­lan ne­bit we gaz kän­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, tä­ze­le­rin­de ga­zyp al­mak işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy.
«Äh­lu­mu­my ener­gi­ýa­nyň gel­je­gi» at­ly umu­my mej­lis­de bi­ler­men­ler fo­ru­myň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ýag­daý­la­ry­na we gel­jek­ki ösü­şi­ne, ener­ge­ti­ka söw­da­sy­nyň tä­ze ugur­la­ry­na, önüm­le­riň ba­zar aý­la­ny­şy­gy­nyň eme­le ge­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­ly­gy­na ba­ha ber­mä­ge, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ra gaý­ta­dan se­ret­mä­ge, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň, daş­ky gur­şa­wyň go­rag­ly­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­ni oňyn çöz­mä­ge şert dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri­niň öz çy­kyş­la­ryn­da bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň – ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat üçin en­jam­la­ry ön­dü­ri­ji­le­riň, ma­ýa go­ýum gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Umu­my mej­li­se ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Jon MakG­re­gor, BAE-niň ADNOC kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pes ug­le­rod­ly çöz­güt­ler we hal­ka­ra ösüş bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Mu­sab­be Al-Kaa­bi, CNPC kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Hou Sisz­ýun, SOCAR kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Row­şan Na­jaf, Ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry Kad­ri Sim­son, «SPE 2023-iň» pre­zi­den­ti Med­hat Ka­mal, ABŞ-nyň «Ba­ker Hug­hes» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ha­zar se­bi­ti bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ýe­le­na Akol­se­wa, «Bri­tish Pet­ro­le­um» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Azer­baý­jan, Gru­zi­ýa we Tür­ki­ýe se­bi­ti­niň ma­li­ýe bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ko­lin Al­lan, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka bö­lü­mi­niň di­rek­to­ry Da­rio Li­gu­ti we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar öz çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça çe­me­leş­me­le­ri­niň, äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze gur­lu­şy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di­ler.
Soň­ra mas­la­ha­tyň işi aý­ra­tyn bö­lüm­çe­ler­de do­wam et­di. Ola­ryň bi­rin­ji­si «Hä­zir­ki ener­ge­ti­ka ta­lap­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­mak we gel­je­giň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na ma­ýa go­ýum: te­bi­gy gaz we gaz­hi­mi­ýa» ady bi­len ge­çi­ril­di. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri – «PET­RO­NAS Ça­ri­ga­li (Türk­me­nis­tan) Sdn Bhd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry Is­ma­di Bin Is­ma­il, «Gaff­ney Cli­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň teh­ni­ki di­rek­to­ry Sti­wen Raýt, Sin­ga­pu­ryň «Bioecono­my» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry we esas­lan­dy­ry­jy­sy Dor­ji San, Nor­we­gi­ýa­nyň «ICA-Fi­nance» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry Ar­ne Pe­der Bliks we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar.
Çy­kyş­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň soň­ky ýyl­lar­da se­bi­tiň öň­de­ba­ry­jy ener­ge­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rül­mek üçin uzak ýol ge­çen­di­gi nyg­tal­dy. Tu­tuş dün­ýä­de mö­hüm bo­lan ne­bit­gaz top­lu­myn­da işe gi­ri­zi­len we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li tas­la­ma­lar mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan–Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy dün­ýä­niň kuw­wat­ly döw­let­le­ri we ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar. Bu ener­ge­ti­ka ge­çel­ge­si di­ňe bir Gü­nor­ta Azi­ýa­nyň ýurt­la­ry­na türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mek­de-de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ma­wy ýan­gy­jyň baý gor­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň tap­gyr­la­ýyn öz­leş­di­ril­ýändigi, Türk­me­nis­tan–Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň dör­dün­ji şa­ha­sy­nyň gur­lu­şy­gy­nyň do­wam ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni ga­zyp al­mak­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri hem da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ha­sa­by­na Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry­nyň yg­ty­ýar­ly de­ňiz çäk­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­dir.
Trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­niň wa­jyp­ly­gy­ny yk­rar et­mek bi­len, te­bi­gy ga­zyň ener­ge­ti­ka ge­çi­şi­niň esa­sy bö­le­gi­di­gi­ni we aras­sa ener­gi­ýa bo­lan wo­do­ro­dy ön­dür­mek üçin çig mal hök­mün­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar «Ug­le­wo­do­rod­la­ry ga­zyp al­ma­gyň eko­lo­gik ta­rap­la­ry», «Tä­ze ener­ge­ti­ka çeş­me­le­ri­niň mo­ne­ti­za­si­ýa we di­wer­si­fi­ka­si­ýa he­re­ke­ti­ni çalt­landyr­mak», «Üs­tün­lik­li ener­ge­ti­ka ge­çi­şin­de teh­no­lo­gik in­no­wa­si­ýa­lar we adam ma­ýa­sy­nyň or­ny» at­ly mow­zuk­la­ýyn mej­lis­ler­de me­se­le­le­riň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ril­jek mej­lis­ler­de da­şa­ry ýurt­ly iri ugur­daş kom­pa­ni­ýa­la­ryň we hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri, bi­ler­men­ler çy­kyş eder­ler.
Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar ne­bit­gaz se­na­ga­tyn­da geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň we Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça tä­ze tas­la­ma­lar, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni öz­leş­dir­me­giň tej­ri­be­si we gel­je­gi, onuň geo­lo­gik nus­ga­sy­nyň soň­ky tä­ze­len­me­si, pes ug­le­rod­ly ener­gi­ýa el­ýe­ter­li­lik, türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň eks­por­ty­nyň gel­je­gi, «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şeý­le hem ýur­du­myz üçin mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça çy­kyş eder­ler.
«Ta­lap­la­ryň art­ýan şert­le­rin­de ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni göz­le­me­giň we ga­zyp al­ma­gyň me­se­le­le­ri: ug­le­ro­dyň aý­ryl­ma­gy we kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ýer gat­la­gy­na goý­be­ril­me­gi» at­ly teh­ni­ki mej­li­siň çä­gin­de Ne­bit in­že­ner­le­ri jem­gy­ýe­ti­niň (SPE) hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri türk­men kär­deş­le­ri bi­len tej­ri­be­le­ri­ni paý­la­şar­lar, şeý­le hem ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek, köp muk­dar­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­ny we at­mos­fe­ra zy­ýan­ly zy­ňyn­dy­la­ry azalt­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy has-da çuň­laş­dyr­ma­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­lär­ler.
Hä­zir­ki dö­wür­de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, ýel we Gün ener­ge­ti­ka­sy iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­tir­mez­den, «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na geç­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ener­gi­ýa­nyň ar­zan, yg­ty­bar­ly, döw­re­bap çeş­me­le­ri­ne giň el­ýe­ter­li­li­giň bol­ma­gy äh­li ýurt­la­ryň dep­gin­li ös­me­gi, ola­ryň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy üçin aý­gyt­laý­jy äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä­niň gaz se­na­ga­ty­nyň par­nik gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan işi, zy­ňyn­dy­la­ry öl­çe­mek­de teh­no­lo­gik in­no­wa­si­ýa­la­ryň or­ny, san­ly se­riş­de­le­riň we ha­sap­la­mak hyz­mat­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.
Ener­ge­ti­ka teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň dü­züm­le­ri­ne in­no­wa­si­ýa­la­ryň gi­ri­zil­me­gi ne­ti­je­sin­de, wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy tä­ze ba­zar­la­ry «öz­leş­dir­mä­ge» gi­riş­ýär. Mu­nuň üçin ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge ukyp­ly hü­när­men­ler ze­rur­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mej­lis­ler­de ne­bit­gaz pu­da­gy üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, şol san­da pu­da­gyň yl­my kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, şun­da yl­my-bar­lag we tej­ri­be-konst­ruk­tor­çy­lyk iş­le­ri­niň or­ny ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Şeý­le-de, dün­ýä­niň bir­nä­çe ugur­daş kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry ta­nyş­dy­ry­lar, bu ugur­da tej­ri­be al­şy­lar.
Fo­ru­myň jem­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bu pu­dak­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň stra­te­gik ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry gu­ra­lar.