Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli-terbiýeli, päk ahlakly nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär hem-de bu ugurda uly tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eserinde: «Ýaşlar – biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň, ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem, uly wezipe düşýär» diýip belleýär.
Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda döwrebap mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary bina edilýär, olar kompýuterler, zerur bolan beýleki enjamlar, okuw gollanmalary bilen üpjün edilýär, okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimediýa hem-de sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi ýurdumyzda himiýa, biologiýa we beýleki dersleriň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine niýetlenilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Halkara hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini hasaba almak bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmek işi kämilleşdirilýär, iňlis, fransuz, nemes, ýapon dillerini çuňlaşdyryp öwredýän bilim edaralary üstünlikli hereket edýär.
Mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda «Ýylyň mugallymy» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi» atly döwlet derejesindäki bäsleşikler yzygiderli esasda geçirilýär.
Bir söz bilen aýdylanda, döwletimizde ýaş nesliň aň-paýhas hem-de beden taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň häzirki zaman bilimlerini düýpli özleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilýär, munuň özi geljekde olara eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamy ösdürmek üçin ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň netijeli ulgamynyň döredilmegi bu özgertmeleriň baş maksadydyr. Ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleri hereket edip, olaryň uçurymlary giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň ygtybarly binýady kemala getirildi, iň öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär, okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň mazmuny baýlaşdyrylýar.
Bägül AMANOWA,
Darganata etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.