29-njy okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Öz­be­gis­ta­nyň Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­niň bi­na­syn­da türk­men we öz­bek ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy be­ýik türk­men akyl­da­ry we şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, oňa iki ýur­duň şa­hyr­la­ry­dyr ýa­zy­jy­la­ry, me­de­ni­ýet we yl­my iş­gär­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem Öz­be­gis­tan­da ýa­şa­ýan türk­men­ler gat­naş­dy­lar.
Çä­re baş­la­maz­dan öň Daş­kent şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Ýa­zy­jy­lar se­ýil­gä­hi­ne» ge­ze­lenç gu­ral­dy. Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra se­ýil­gä­hiň ta­ry­hy hem-de on­da dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da gür­rüň be­ril­di.
Soň­ra Öz­be­gis­ta­nyň Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­niň mej­lis­ler za­lyn­da iki ýurt­dan we­kil­le­riň gat­naş­mak­la­ryn­da dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Çy­kyş eden­ler türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­ny hem-de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Şeý­le hem du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da türk­men me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gy se­tir­le­ri­ne dö­re­di­len aý­dym­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Şi­rin owaz­lar çä­rä gat­na­şy­jy­lar­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­ret­di we gyz­gyn el­çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy.
Bel­läp geç­sek 28-nji okt­ýabr-1-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu mö­hüm sun­gat we dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet we sun­gat we­ki­li­ýe­ti Öz­be­gis­ta­na git­di. Öz­be­gis­ta­nyň Bu­ha­ra we­la­ýa­ty­nyň “Olot” güm­rük no­ka­dyn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­ni Alat et­ra­by­nyň hä­ki­mi Nar­gi­za Ne­ma­to­wa we beý­le­ki res­mi adam­lar gar­şy­la­dy.
Dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de Dost­luk kon­ser­ti we Bu­ha­ra­da türk­men ha­ly­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem türk­men ha­ly­la­ry­na ba­gyş­la­nan mas­la­hat gu­ra­lar.