Pişik iň halanýan we ýaýran öý haýwanlarynyň biri hasaplanýar. Bu jandary halamaýanymyz az bolsa gerek. Üns beren bolsaňyz, bu jandarlar ýokardan gaçanlarynda hemişe dikligine, dört aýagynyň üstüne düşýärler. Alymlar bu ýagdaýy anyklamak üçin köp barlag geçiripdirler. Munuň esasy sebäbiniň dogabitdi refleksdigini, ýagny ygtyýarsyz hereketdigini belleýärler. Ýagny biziň gözümize haýsydyr bir zat golaýlanda, gözümizi ýumşumyz ýaly hereket hasaplanýar. Muňa garamazdan ol hemişe dört aýagynyň üstüne düşmeýär. Aslynda, pişiklerdäki bu aýratynlyk olar 4-7 hepde aralygynda peýda bolýar. Olaryň başaşak gaçanlarynda dik düşmegi üçin azyndan 1 metrlik beýiklik zerur. Ondan pes ýerden gaçan pişigiň bedeni dolulygyna dikelip ýetişmeýär. Emma olaryň dikligine düşmegi hiç ýeriniň agyrmajakdygyny aňlatmaýar. Olaryň hem jandardygyny unutmaly däl.
Pişikler bilen şol bir maşgala degişli bolan gum pişiginde, garagulakda, geçigaplaňda we beýleki ýabany jandarlarda hem şeýle aýratynlygyň bardygy anyklandy.
Nädip başarýarlar?
Pişikler edil buzda typýan türgenler ýaly, öň aýaklaryny bir-birine ýakyn tutup, bedeniniň öň tarapyny çalasynlyk bilen aýlaýarlar. Olaryň maýyşgak oňurgalary bolsa, göwresiniň yzky tarapynyň hem towlanyp dikelmegine ýardam edýär. Pişik oňurgalarynyň çeýeligi sebäpli bedeniniň öň we yz tarapyny başga taraplara towlap bilýär. Bu ýagdaý olaryň ýere aňsatlyk bilen düşmeklerine kömek edýär. Geçirilen barlaglara görä, 6 gatly jaýdan (20 metr töweregi) gaçan pişikleriň 90 göteriminiň sag-aman ýere “gonandygy” anyklanypdyr.