31-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow bi­len Aş­ga­ba­da res­mi sa­par bi­len ge­len Ko­re­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Pak Çži­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ryň we­kil­le­ri iki ýur­duň ara­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li gat­na­şyk­la­ry bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­tan we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy üçin köp ýyl­lyk dost­luk­ly we ys­ny­şyk­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra da­ýan­ýan türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­jek­ki ösü­şi­niň or­ny ba­ra­da aý­ra­tyn bel­läp geç­di­ler. Mun­dan beý­läk hem iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň has-da gi­ňel­dil­me­gin­de, ber­ki­dil­me­gin­de ýo­ka­ry de­re­je­li gat­na­şyk­lar uly or­na eýe bo­lup dur­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ra­şid Me­re­dow öz çy­ky­şyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ýun Sok Ýo­luň gat­naş­ma­gyn­da ge­çen ne­ti­je­li dia­lo­gyň do­wa­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si, se­bit we dün­ýä gün ter­ti­bin­de du­ran mö­hüm me­se­le­ler ba­ra­da pi­kir aly­şan­dyk­la­ry ba­ba­tyn­da aý­ra­tyn bel­läp geç­di.
Mi­nistr­ler par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ber­ke­me­gi bi­len bag­ly öza­ra pi­kir alyş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da bel­lär­lik­li wa­ka bo­lan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Se­ul şä­he­ri­ne res­mi sa­pa­ry­na we 2023-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň spi­ke­ri Kim Çžin Phýo­nyň Aş­ga­ba­da sa­pa­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Ta­rap­lar pa­ra­hat­çy­ly­gy ýo­la goý­mak­da, dur­nuk­ly ösü­şi sak­la­mak­da iki­ta­rap­la­ýyn gol­da­wyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň çä­gin­de, aý­ra­tyn hem BMG-niň çä­gin­de öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny ga­zan­dy­lar.
Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gi­ki, do­wam­ly we uzak möh­let­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi nyg­tal­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Ola­ryň ara­syn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de se­na­gat klas­te­ri­ni dö­ret­mek tas­la­ma­la­ry, gaz hi­mi­ýa za­wod­la­ry­ny gur­mak, elekt­rik ulag­la­ry­ny we elekt­rik aw­to­bus­la­ry­ny sa­tyn al­mak, “akyl­ly şä­her­le­riň” gur­lu­şy­gy­na iň tä­ze san­ly, mag­lu­mat, ara­gat­na­şyk we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak üçin ma­ýa go­ýum­la­ry, de­ňiz su­wu­ny süý­je­di­ji usul­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak üçin tä­ze­çil­lik­ler, ma­li­ýe­leş­dir­me­giň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­sy, ýa­şyl we wo­do­rod ener­gi­ýa­sy bo­ýun­ça Ko­re­ýa­nyň tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len hä­zir­ki za­man ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­la­ry dö­ret­mek ýa­ly tas­la­ma­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şu nuk­daý­na­zar­dan, Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gi­ki hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry­nyň işi bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky söw­da we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin ne­ti­je­li gu­ral hök­mün­de bel­le­nil­di.
Mun­dan baş­ga-da, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hök­mün­de bi­lim, ylym, ko­reý di­li­ni öw­ren­mek, sag­ly­gy go­ra­ýyş we luk­man­çy­lyk ugur­lar bel­le­nil­di.
Şeý­le hem, me­de­ni alyş-ça­lyş­la­ryň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da bel­läp, ta­rap­lar hu­su­san-da şu ýy­lyň mart aýyn­da Ko­re­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­ly­gy bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Ta­rap­lar 2023-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da Ko­re­ýa­nyň Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni gu­ra­ma­gyň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy.
Mi­nistr­le­riň du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Olar:
“Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pu­san mil­li uni­wer­si­te­ti­niň Ko­reý luk­man­çy­lyk mek­de­bi­niň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­reý luk­man­çy­ly­gy­nyň ösüş mil­li ins­ti­tu­ty­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma”;
“Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Yla­la­şyk”;
“Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da 2024-2025-nji ýyl­lar üçin Hyz­mat­daş­lyk Mak­sat­na­ma­sy”.
Şeý­le hem, şol gün My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti bi­len Ko­reý uni­wer­si­te­ti­niň Luk­man­çy­lyk kol­le­ji­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.