Mälim bolşy ýaly, Hytaý Ýeriň aşaky orbitasynda özbaşdak kosmos stansiýany gurup, ulanyşa girizdi. Häzirki wagtda beket “T” hapyna meňzeş bolup, ol «Tianhe» atly esasy moduldan we iki laboratoriýadan ybarat. Häzire çenli kosmos bekedeniň esasy moduly, iki laboratoriýasy guruldy. Tapgyrlaýyn ýagdaýda amala aşyrylan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin hytaýly kosmonawtlar birnäçe gezek kosmosa çykdylar. Indi bolsa ol ýerde hemişelik ýaşamak üçin şertler döredilip, yzygiderli ýagdaýda gatnaw ýola goýuldy. Geljek ýyl bolsa, Hytaý kosmos teleskopyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu beket kosmos giňişliginde öz orbitasynda özbaşdak hereket eder. Emma gerek bolan halatynda bu bekede birikdirilip bilner.
Kosmos giňişliginde tapgyrlaýyn gurulýan bu desga ýene bir goşmaça modulyň birikdiriljekdigi habar berildi. Şeýlelikde, onuň şekili “T” däl-de, goşmak şekilli bolar. Bu barada Hytaýyň adamly uçuş kosmos maksatnamasy administrasiýasy (CMSA) habar berdi. Goşmaça modulda ylmy synaglar we tejribeler geçirmekde ulanyljak şkaflar, dürli ugurlarda täze gözlegler üçin niýetlenen iri enjamlar we beýlekiler bolar.
Şeýle hem kosmonawtlarynyň maşklar ýerine ýetirmekleri, iýmitlenmekleri we arassaçylygy goramak bilen has gowy şertler dörediler.
Toýlymuhammet Annamuhammedow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.