1-nji noýabrda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekişlik dabarasy geçirildi.
“Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenilip düzüldi.
Resminama, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki hereketleri hem-de energetika, ulag-logistika, şeýle hem suw hojalygy pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary göz öňünde tutýar.