Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­run­da (UCCN) «Di­zaýn» ka­te­go­ri­ýa­sy­na go­şul­dy. Bu ba­ra­da Gu­ra­ma­nyň res­mi web sa­hy­pa­syn­da ha­bar be­ril­di.
Aş­ga­bat şä­he­ri dün­ýä­niň me­de­ni pu­da­gyň ösü­şi­ne gol­daw ber­mek üçin hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän beý­le­ki 54 şä­he­ri bi­len bir­lik­de UCCN-iň bir bö­le­gi­ne öw­rül­di. Mu­ny ÝU­NES­KO-nyň baş di­rek­to­ry Od­ri Azu­le mä­lim et­di.
«Tä­ze şä­her­ler ösüş stra­te­gi­ýa­la­ry­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de me­de­ni­ýe­ti we dö­re­di­ji­li­gi ulan­ma­ga hem-de yn­san­per­wer şä­her me­ýil­na­ma­syn­da in­no­wa­si­ýa tej­ri­be­si­ni gör­kez­mä­ge berk yg­rar­ly­ly­gy üçin yk­rar edil­di» diý­lip, ÝU­NES­KO-nyň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ry «Se­net­çi­lik we halk dö­re­di­ji­li­gi», «Di­zaýn», «Film», «Gast­ro­no­mi­ýa», «Ede­bi­ýat», «Me­di­ýa sun­ga­ty» we «Aý­dym-saz» ýa­ly ýe­di dö­re­di­ji­lik ug­run­da­ky 350 şä­he­ri öz içi­ne al­ýar.
To­ra gir­ýän şä­her­ler 2024-nji ýy­lyň 1 — 5-nji iýu­ly ara­ly­gyn­da Por­tu­ga­li­ýa­da «Gel­jek­ki on ýyl­da ýaş­la­ry gep­le­şik­ler sto­lu­nyň ba­şy­na ge­tir­mek» at­ly mow­zuk bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek ÝU­NES­KO-nyň ýyl­lyk kon­fe­ren­si­ýa­sy­na gat­naş­ma­ga ça­gy­ry­lar.