Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda ministrligiň:
Ylmy-barlag däneçilik institutyny;
Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny;
Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu ylmy-barlag institutlarynyň Tertipnamalaryny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.