6G internet ulgamynyň ösüşi

208

Hä­zir­ki wagt­da hem­me ýer­de el­ýe­ter­li bol­ma­sa-da ara­gat­na­şy­gyň bä­şin­ji nes­li (5G) dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň iri şä­her­le­rin­de bar. Çy­kan­dy­gy­na bir­küç ýyl bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 5G en­tek o di­ýen köp ýaý­ra­ma­dy. Şeý­le-de bol­sa eý­ýäm hü­när­men­ler 6G-niň ala­da­sy­ny ed­ýär. Ara­gat­na­şy­gyň no­bat­da­ky nes­li­niň tiz­li­gi­niň 5G-den 1000 es­se ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li 38 müň tö­we­re­gi pa­tent ýüz­tut­ma­sy ha­sa­ba al­nyp­dyr. Bu pa­tent­le­riň 13 müň 449 sa­ny­sy Hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry­na de­giş­li. Bu bol­sa, 35%-e ga­bat gel­ýär. Pa­tent al­mak­da ikin­ji ýer­de ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry (18%) bar.
Hy­ta­ýyň “Xiao­mi” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Leý Szun go­laý­da 5G ul­ga­my­na has köp möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni sarp ed­ýän­di­gi­ni we hä­zir­ki wagt­da 6G ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň üs­tün­de iş­läp baş­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň hö­kü­me­ti 2030-njy ýy­la çen­li 6G ul­ga­my­ny tä­jir­çi­lik mak­sat­ly gör­nü­şi­ni ýo­la goý­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Ýurt 5G to­ru­nyň or­nu­ny tut­jak 6G-niň yk­jam teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mek üçin tä­ze stra­te­gi­ýa­sy­ny yg­lan et­di. Ýur­duň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bo­lan “Sam­sung” we LG” bu ugur­da iş alyp bar­ýar­lar.
Go­laý­da Hy­ta­ýyň ZTE kom­pa­ni­ýa­sy aw­to­nom tor, san­ly go­şa tor, 6G to­run­da amal et­me­giň kuw­wa­ty, tiz­lik teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­ly ugur­lar­da 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li bir­nä­çe bar­lag­la­ry ge­çir­di. “No­kia” we “Ericsson” kom­pa­ni­ýa­la­ry hem 6G sy­nag­la­ry­ny ge­çir­ýär. Kom­pa­ni­ýa­lar 2030-njy ýy­la çen­li 6G-ni tä­jir­çi­lik mak­sa­dy bi­len ýo­la go­ýar. 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň il­kin­ji nus­ga­sy­ny 2026-njy ýy­la çen­li taý­ýar­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Aga­ser­dar HÜM­ME­DOW, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.