Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we onuň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron düýn 2-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmak barada ylalaşdylar.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşygyň başynda Mirziýoýew Fransiýanyň Prezidentiniň Özbegistana soňky 30 ýylda eden ilkinji saparynyň taryhy ähmiýetini belläp geçdi.

“Iki ýurduň Liderleri özbek-fransuz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmak barada ylalaşdylar” diýlip beýanatda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly “ýaşyl” energiýa, gazyp almak we çig maly gaýtadan işlemek, innowasiýa bilen abzallaşdyrylan oba hojalygy, suw üpjünçiligi, logistika, infrastrukturany ösdürmek, syýahatçylyk we başgalar ýaly täze iri taslamalary öňe ilerletmek babatdaky çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fransiýa Özbegistanyň Merkezi Aziýa bolan ynamy güýçlendirmek we BSG-e goşulmak ugrundaky tagallalaryna mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Syýasy gepleşikleri dowam etdirmegiň, howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň we ýüze çykýan kynçylyklara we howplara netijeli garşy durmagyň ähmiýeti nygtaldy.