Sarymsak «amaryllis» maşgalasyna degişli ösümlik bolup, dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ata Watany Merkezi Aziýa hasaplanýan sarymsagyň Italiýada we Fransiýada ýabany ösýän görnüşleri hem bar. Sarymsak gadymy we orta asyrlarda dermanlyk ähmiýeti bilen tanalyp, gymmatly harytlaryň birine öwrülýär. Sarymsagy çigligine ýa-da dürli naharlara goşmak arkaly iýip bolýar. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan bu bakja önümini çigligine iýmek has peýdalydyr. Sarymsagyň düzüminde efir ýagy, C, B6 witamini, marganes saklanýar. Ýiti tagamy we güýçli ysy bolan bu bakja önümi saglyk üçin örän peýdalydyr.
Ýokançlyklara garşy göreşýär. Sarymsagyň düzümindäki C witamini immuniteti güýçlendirip, wiruslaryň öýjüge aralaşmagynyň we köpelmeginiň öňüni alýar.
Gan basyşyny peseldýär. Ýokary gan basyşy bolan adamlara sarymsak iýmek maslahat berilýär. Sarymsagyň düzümindäki allisin maddasy gan damarlaryny rahatlandyryp, ýürek-damar hadysalarynyň howpuny azaldýar.
Huşsuzlygyň öňüni alýar. Sarymsak beýnini zyýanly şöhlelerden gorap, aň-düşünjäniň peselmeginiň öňüni alýar. Sarymsakda jemlenen antioksidantlar stresi peseldip, beýnini dürli zeperlenmelerden goraýar.
Uzak ýaşamaga kömek edýär. Hytaýda geçirilen barlaglarda hepdede azyndan bir gezek sarymsak iýen adamlaryň beýlekilere seredeniňde haýal garraýandygy ýüze çykaryldy. Munuň sebäbi bolsa sarymsagyň immuniteti güýçlendirýändigi hem-de ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýandygy bilen düşündirilýär.
Iş ukybyny güýçlendirýär. Sarymsak «öndürijiligi ýokarlandyrýan» maddalaryň biridir. Gadym döwürlerde ýadawlygy azaltmak we işçileriň ukybyny güýçlendirmek üçin sarymsak berlipdir. Gadymy Gresiýada Olimpiýa türgenleri sarymsak iýipdirler.
Sarymsagyň ysyny nädip aýyrmaly?
Bilşimiz ýaly, sarymsagyň ysy uzak wagtlap saklanýar. Sarymsak iýleninden 24 sagat soň hem azajyk ys galýar. Amerikan lukmançylyk birleşiginiň žurnalynda çap edilen makalada sarymsagyň nähili ýagdaýda iýlendigine garamazdan ysynyň gelýändigi ýazylýar. Hatda ejesi sarymsak iýen bäbejikden hem ysyň gelýändigine geň galýarlar. Munuň sebäbini derňänlerinde sarymsagy çeýnäp iýýändigiňe ýa-da ýuwdandygyňa garamazdan bu bakja önüminiň düzümindäki kükürt birleşmeleriniň gana ornaşýandygy ýüze çykaryldy. Bedende bolup geçýän bu himiki täsirleşme damarlardan geçip, öýkene, bokurdaga we agyzdaky tüýkülik mäzlerine çenli barýar. Dişiňi näçe ýuwsaň-da, sarymsagyň ysyny aýryp bolmaýar. Ýöne işdäaçar ýapragy (salat oty), narpyz ýaly käbir gök otlar we ter alma ysy aýyrmaga ýardam edýär.