Ysmanak, kelem we beýleki ýaprakly bakja önümleri öz düzüminde bedeniň işläp çykarmaýan möhüm birleşigi lýuteini saklaýar. Şeýle hem lýuteini awokadodan we ýumurtgadan hem tapmak bolýar. ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetiniň hünärmenleri iýmit sanawynda lýuteiniň zerur derejesiniň saklanylmagynyň wajypdygyny aýdýarlar. Lýutein kelle beýnisiniň dokumalarynda, şeýle hem gözde jemlenýär. Alymlar 25-den 45 ýaş aralygyndaky 60 adamda onuň täsirini synagdan geçirdiler. Görlüp oturylsa, bedeninde lýuteiniň has köp mukdary jemlenen orta ýaşlylar, ýaşlara juda meňzeş eken. Diýmek, lýutein beýnini ýaş özgerişliginden goraýan eken.
Öz gezeginde Şwesiýanyň Linçeping uniwersitetiniň alymlary lýuteiniň sowuklama bilen işjeň göreşýändigini anykladylar. Alymlar meýletinçileriň ganyndaky has giňden ýaýran alty sany karotinoidleriň, şol sanda lýuteiniň toplanmasyny ölçediler. Şeýle hem olar bedendäki sowuklamanyň derejesini anykladylar. Geçirilen barlaglar meýletinçileriň ganynda lýuteiniň toplanmasy näçe köp boldugyça, şonça hem, sowuklamanyň alamatlarynyň pesdigini görkezdi. Şeýle hem hünärmenler gatnaşyjylaryň gorag ulgamynyň öýjükleriniň sowuklamagynyň lýuteiniň täsiri bilen pese düşendigini anykladylar. Lýutein gorag ulgamynyň öýjükleri tarapyndan sorulyp alnyp, onda jemlenýär.