Kyr­ka­ýa­ga la­tyn­ça «cen­ti­pe­de» di­ýil­ýär. Ol «ýüz aýak­ly» diý­me­gi aň­lad­ýar. Kö­pa­ýak­ly­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan sa­ry reňk­li bu mö­je­ji­giň aýak sa­ny ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýan bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Olar bir asyr­dan gow­rak wagt bä­ri yl­my taý­dan öw­re­nil­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze gör­nüş­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Em­ma ola­ryň la­ýyk 40 ýa-da 100 aýak­ly­sy ýok. Kä­bir­le­rin­de az­rak, kä­sin­de bol­sa, has köp. Bu mör-mö­jek­le­riň hä­zi­re çen­li anyk­la­nan­la­ry­nyň di­ňe bi­ri­niň 96 aýa­gy bo­lup, ol aýak sa­ny jü­büt bo­lan ýe­ke-täk gör­nüş ha­sap­lan­ýar. Ýag­ny onuň 48 jü­büt aýa­gy bar. Beý­le­ki kyr­ka­ýak­la­ryň iň az aýak­ly­sy 15, iň kö­pi bol­sa 191. ABŞ-da ta­py­lan «Il­lacme ple­ni­pes» at­ly kyr­ka­ýak­da la­ýyk 750 sa­ny aýa­gyň bar­dy­gy anyk­lan­dy.
Adat­ça, kyr­ka­ýak­la­ryň 62-70 aýa­gy bo­lup, top­ra­gyň 10-15 san­ti­metr aşa­gyn­da ýa­şa­ýar­lar. Mör-mö­jek­le­riň bu gör­nü­şi ýap­rak­ we çüý­rän ösüm­lik ga­lyn­dy­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär. Olar iý­mi­ti­ni çeý­näp ýu­wud­ýar­lar.