Biziň ýaşaýan döwrümiziň iň gymmatly baýlygy, ylym-bilimdir. “Men halkymyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin” diýip, nygtaýan hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi döwletiň sazlaşykly öňe gitmegini kesgitleýän güýç hökmünde häsiýetlendirýär. Hormatly Prezidentimiz 2007-nji ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi bilen duşuşyp, ylmy we tehnikany mundan beýläk ösdürmegiň anyk ýollaryny salgy berdi. Ylmy ösdürmäge düýpli esas boljak “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda” we beýleki möhüm Kararlara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda” Karary bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturalar we doktoranturalar döredildi.
Alymlaryň ylmy açyşlaryna, oýlap tapyşlaryna jemgyýet tarapyndan mynasyp baha berilýär. Ylmy açyşlar üçin medallar, hormat hatlary, baýraklar döredilip, alymlar sylaglanylýar. Giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen şeýle baýraklaryň biri hem 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr.
Nobel baýragynyň döreýiş taryhyny bilmek her kim üçin gyzykly bolsa gerek.
Ylym üçin köp täzelikleri girizen we baýragy esaslandyran Alfred Nobel (1833-1896) Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde dogulýar. Onuň kakasy Emmanuel ( 1801-1872) suwasty gämiler üçin minany oýlap tapypdyr.
Ol 1842-nji ýylda Russiýa göçüp barýar. Emmanuel 1842-1859 ýyllarda Peterburgda ýaşaýar. Emmanueliň üç ogly (Robert, Lýudwig, Alfred) bolupdyr. Zehinli inžener we işewür telekeçi Lýudwig kakasyndan miras galan kärhanany ösdürip, ony iri maşyn-gurluşyk zawodyna öwürýär. Ol bu zawodda bug maşynlaryny, nebit çykaryjy enjamlary, hereketlendirijileriň dürli görnüşlerini öndürýär. Doganlar Nobeller 1876-njy ýylda Bakuwda nebit kärhanasyny döredýärler. Olar bu kärhanada nebiti gaýtadan işlemegi hem-de turba geçirijiler arkaly daşamagy ýola goýýarlar.
XIX asyryň ahyrynda doganlar Nobeller Türkmenistanyň Çeleken ýarym adasynda senagat ähmiýetli nebiti çykaryp başlaýarlar. Olar Çelekende uzynlygy 9 km bolan ilkinji nebit geçirijisini gurupdyrlar. Alfred Nobel 1867-nji ýylda partlaýjy maddany (dinamiti) oýlap tapýar.
Gurply senagatçy, inžener, telekeçi Alfred Nobeliň tehnikada gazanan üstünlikleri däl-de, 1895-nji ýylyň 27-nji noýabrynda ölmeziniň öň ýanynda ýazyp giden wesýetnamasy dünýäniň ähli halklary üçin geň galdyryjydyr. Wesýetnamanyň mazmuny şeýledir: “Men aşakda gol çeken Alfred Bernhard Nobel, akylly-başly pikirlenenimden soň mälim edýärin… Meniň yzymda galjak ähli emlägimi ynamly gymmatbaha kagyzlara öwrüp, gazna emele getirip, ondan geljek her ýylky girdejileri, her ýylyň dowamynda adamzadyň bähbitlerine uly peýda getiren adamlara baýrak görnüşinde paýlamaly. Girdejileri bäş bölege bölüp, şu aşakdaky görnüşinde: bir bölegi fizika ylmynda açyşlary we oýlap tapyşlary amala aşyran adama, bir bölegi himiýa ylmynda has wajyp açyşlar eden adama, bir bölegi lukmançylykda ýa-da fiziologiýada möhüm açyşlary eden adama, bir bölegi edebiýatda has görnükli işi döreden adama, bir bölegi hem halkyň parahatçylygyny, jebisligini berkidip, goşunlaryň sanyny azaltmak üçin uly goşant goşan adama paýlamaly. Meniň aýratyn islegim – baýraga hödürlenen dalaşgäriň haýsy milletdendigi bolman, skandinawlymy ýa-da başga milletden bolsun, tapawudy ýok, has mynasyplara baýragyň gowşurylmagydyr”.
Ilkinji gezek Nobel baýragy Alfred Nobeliň aradan çykanyndan 5 ýyl geçeninden soň, 1901-nji ýylyň 10-njy dekabrynda gowşurylýar. Fizikadan ilkinji Nobel baýragyna rentgen şöhlesini açan nemes fizigi Wilgelm Rentgen mynasyp bolýar. Parahatçylyk ugrunda ilkinji Nobel baýragyna halkara Gyzyl Haç jemgyýetini esaslandyryjy Žan Anri Dýunan mynasyp bolýar. Nobeliň milleti şwed bolansoň, bu baýragy Şwesiýanyň Nobel gaznasy gowşurýar.
Her ýylyň 10-njy dekabrynda Şwesiýada Nobeliň güni bellenilýär. Şol gün Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolýar. Paýtagtyň merkezindäki konsertler öýüniň uly zalyna döwlet işgärleri, şwed alymlary, ýazyjylary, ilçiler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemi 2 müňden gowrak adam ýygnanýar. Baýraga mynasyp bolanlary we olaryň eden işleri giň köpçülige aýan edilýär. Baýraga mynasyp bolanlar Nobeliň şekili ýerleşdirilen altyn medal we degişli diplom bilen sylaglanýar. Soňky üç asyryň dowamynda ylym we tehnika güýçli depgin bilen ösüp adamzadyň bähbitlerine hyzmat edip, jemgyýete köp peýda getirdi. Häzirki wagtda ylmy açyş üçin döredilen baýraklaryň sany 100-den hem geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym we tehnikanyň ösmegine uly ýollar açyldy. Ylmy açyşlar etmäge mümkinçilikler döredildi.
Biz berkarar döwletimizde, ylmyň, tehnikanyň, sungatyň, çeper döredijiligiň pajarlap ösmegi üçin şeýle uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris!
Aýjemal Durdyýewa,
TGM-niň Harby institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň uly mugallymy.