Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwienko Russiýada ählumumy bagt barada kanun kabul etmegi zerur hasaplap, ýurtda soňlugy bilen Bagt ministrliginiň dörediljekdigine ynanýandygyny aýtdy. Ol bu barada “Bilim. Ilki” marafonynda häzirkizaman Russiýada bolup geçýän wakalar barada nutuk bilen çykyş edende mälim etdi.
– Şu günki günde bagt baradaky kanunyň kabul edilmegine wagt ýetdi. Men Russiýada Bagt ministrligini döredilmegini teklip edýärin – diýip, Federasiýa Geňeşiniň başlygy häzirki wagtda Russiýada haýsy kanunyň kabul edilmelidigi baradaky sowala jogap berdi. Häzir bu meselede goldawyň onçakly uly däldigini belläp geçen Matwienko ýaşlara ýüzlenip, bu teklibe seslenmeklerini haýyş etdi.
– Meniň pikirimçe, Russiýada Bagt ministrliginiň döredilmeginiň wagty gelip ýetdi. Diýmek, siziň ministr bolmak mümkinçiligiňiz bar – diýip, mejlisiň ýokarky palatasynyň başlygy sorag beren ýygnaga gatnaşyja ýüzlenip aýtdy.