1895-nji ýylyň 8-nji noýabrynda nemes inžener-mehanigi Wilgelm Konrad Rentgen elektrik energiýasy bilen bagly tejribe geçirýän wagty häzirki wagtda lukmançylykda we beýleki ugurlarda giňden ulanylýan X-Ray şöhlesini oýlap tapýar. Şol döwür Würzburg (Bawariýa) uniwersitetiniň professory we rektory bolan alym soňlugy bilen öz ady dakylan şöhläni (X-radiation ýa-da gysgaça X-ray hem diýilýär) uniwersitetiň laboratoriýasynda ýeke özi synag edýän wagty garaşylmadyk ýagdaýda oýlap tapýar. “Syzyp geçýän” şöhleler dürli jisimleriň, şol sanda janly bedeniň içini hem görmäge mümkinçilik berýär.