Ibn Bat­tu­ta ady bi­len meş­hur bo­lan Abu Ab­dul­lah Mu­ham­med ibn Ab­dul­lah at-Tan­ji 1304-nji ýy­lyň 25-nji few­ra­lyn­da Tan­jer­de (Ma­rok­ko) dün­ýä in­ýär. Ibn Bat­tu­ta­nyň özi bara­da­ mag­lu­mat­lar ju­da az. Dün­ýä bel­li sy­ýa­hat­çy­nyň giň­den ta­nal­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, arap çeş­­me­le­rin­de ol bara­da di­ňe bir-iki jüm­lä ga­bat gel­mek bol­ýar. Ola­ryň bi­ri be­ýik ys­lam akyl­da­ry Ibn Hal­du­nyň (1332-1406) “Al-mu­kad­di­ma” (“Gi­riş”) at­ly bel­li ese­rin­de bel­le­nip ge­çil­ýär. Beý­le­ki­si XV asy­ryň bel­li pa­les­tin ta­ryh­çy­sy­ Ibn Ha­jar al-Es­ke­la­ni­niň (1448-nji ýyl­da ara­dan çy­kan) bi­og­ra­fik söz­lü­gin­de ýat­la­nyp ge­çil­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan “Şä­her­le­riň tä­sin­lik­le­ri­ne we sa­pa­ryň aja­ýyp­lyk­la­ry­na na­zar aý­la­nyň sow­ga­dy” at­ly ese­ri onuň özi ba­ra­da­ky ýe­ke-täk çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu eser­de be­ýan edi­li­şi­ne gö­rä, ol di­ni bi­li­mi alyp­dyr, şyg­ry­ýe­ti öw­re­nip­dir, kä­wagt hem goş­gy go­şup­dyr. Ibn Bat­tu­ta­nyň be­ýik sy­ýa­ha­ty 22 ýa­şyn­da­ka 1325-nji ýy­lyň 13-nji iýu­nyn­da Tan­jer­den Mek­gä we Me­di­nä zy­ýa­rat et­mek mak­sa­dy bi­len baş­la­ýar. Ol 28 ýyl tö­we­re­gi sy­ýa­hat­da bo­lup, je­mi 44 ýur­da ba­ryp gör­ýär.
Ibn Bat­tu­ta öz sy­ýa­ha­ty­nyň do­wa­myn­da De­mir­ga­zyk we Gün­ba­tar Af­ri­ka­da, Arap ýa­rym ada­syn­da, Hin­dis­tan­da, Hy­taý­da, Andalusiýada, Tür­ki­ýe­de, Yrak­da, Eý­ran­da, Ow­ga­nys­tan­da, Günorta-Gündogar Azi­ýa­da we Gün­do­gar we Günorta Ýew­ro­pa­da we beýleki ýerlerde bo­lup gör­ýär. Ol 1353-nji ýyl­da bu sy­ýa­hat­dan gaý­dyp ge­lip, özü­niň aky­la syg­ma­jak sy­ýa­hat­la­ry ba­ra­da ýat­la­ma­la­ryny ýa­zyp ug­ra­ýar we şon­dan soň, Ma­rok­ka­nyň Fes şä­he­rin­den hiç ýe­re çyk­ma­ýar.
Bel­li arap­şy­nas I. Ý. Kraç­kows­kiý Ibn Bat­tu­ta­ny köp ýurt­la­ra ba­ryp gö­ren ge­og­ra­fi­ýa­dan kö­pu­gur­ly hü­när­men hök­mün­de ba­ha ber­ýär. Ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, ol 120 müň ki­lo­metr ýo­ly kül­ter­läp­dir. Ol 1377-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar.