Irden turup suw içmegiň peýdalydygy ýa-da zyýanlydygy barada dürlüçe pikirler bar. Eýsem, aç wagtyň suw içmek peýdalymy?
Suw ýaşaýşyň aýrylmaz bölegi bolup, kadaly derejede suw içmek saglyk üçin peýdalydyr. Adam bedeniniň esasy bölegi suwdan durýar. Myşsalaryň 75 göterimi, beýniniň 90 göterimi, süňkleriň 22 göterimi hem-de ganyň 83 göterimi suwdan ybarat. Bilermenler irden turup suw içmegiň peýdalydygyny belleýärler.
Ertirlik naharyndan öň 1 ýa-da 2 bulgur suw içmek bedeniň toksinlerden saplanmagyna we bedenimizi toplanan artykmaç maddalardan arassalamaga mümkinçilik berýär. Irden turup suw içmek bedeniň alyş-çalşygyny çaltlandyryp, kesellerden goranmaga kömek edýär.
Uka gidenimizde bedenimiz öýjükleri «bejermek» we täzelemek üçin işleýär. Irden turan badyňa suw içmek işlenen galyndylaryň peşew arkaly çykmagyny üpjün edýär.
Irden turup suw içmek içki beden agzalaryny zerur bolan suwuklyk bilen kanagatlandyryp, sagdyn işlemegini üpjün edýär.
Suw deriniň çeýe we sagdyn görünmegi üçin peýdalydyr. Irden 2 bulgur suw içmek deriniň guramagynyň öňüni almaga, derini kesellerden goramaga ýardam edýär.
Açlygyňa 2-3 bulgur suw içmek horlanmaga hem kömek edýär. Suw bedenden toksinleri çykarmakdan başga-da, artykmaç ýagyň we kaloriýanyň ýanmagy üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, suw açlyk duýgusyny basyp, artykmaç iýmitlenmegiň öňüni alýar.
Ir bilen 1 bulgur ýyly suw içmek günüňi energiýa bilen başlamagyň iň gowy usuly bolup, ukusyzlygy we ýadawlygy aradan aýyrmaga ýardam edýär.
Aç wagtyň 3 bulgur suw içmek aşgazandaky kislotanyň derejesini peseltmäge we gastritiň öňüni almaga kömek edýär. Şeýle hem içege ýollaryny arassalap, bedeni ýokançlyklardan goraýar.