Janly-jandarlaryň käbiri Ýer ýüzüniň ähli ýerinde diýen ýaly gabat gelip, dürli şertde ýaşap bilýär. Käbiri bolsa, belli bir sebitde duş gelip (endemik), şol ýeriň özüne mahsus tebigatyna uýgunlaşýar. Şeýle jandarlaryň biri hem pandalardyr. Alabeder aýylara dünýäniň ýekeje ýerinde – Hytaýyň Äpet panda milli seýilgähinde (Giant Panda National Park) duş gelmek bolýar.
22 müň inedördül kilometr meýdany tutýan Äpet panda milli seýilgähi ýurduň Siçuan, Ningsiýa we Şanhi welaýatlaryna çenli uzalyp gidýär. 1987-nji ýylda döredilen bu milli seýilgäh 67 panda goraghanasyny öz içine alýar. Panda Hytaýyň milli nyşany we dünýädäki iň eýjejik jandarlaryň biri hasaplanýar. Äpet panda milli seýilgähinde 1 müň 864 panda ýaşaýar. Bu Hytaýda ýaşaýan pandalaryň 80 göterimine deňdir.
Pandalar alabeder reňki bilen meşhurdyr. Aýynyň bu görnüşi ak kellesi, gözüniň töweregindäki gara tegmilleri we gara gulaklary bilen tapawutlanýar. Bu jandarlaryň göwresiniň esasy bölegi ak sütük bilen örtülip, aýaklary we «elleri» gara bolýar. Pandalaryň boýy 1 metrden 2 metre çenli ýetýär. Agramy 70-den 160 kilograma çenli bolýar. Pandalaryň ortaça agramy 110 kilograma deň. Pandalar iýmitlenmek üçin «ellerini» ulanýarlar. Alabeder aýylaryň iň halaýan iýmiti bambuk bolup, her gün 9-14 kilograma çenli bambuk ýapraklaryny iýýärler. Pandalar gününiň 12-14 sagadyny iýmitlenmek bilen geçirýärler. Eýjejik jandarlar tekiz ýerde ösen bambuga görä, dag eteklerinde, belentlikde ösen bambuk ýapraklaryny has gowy iýýärler.
Seýilgähde her panda aýratynlykda ideg edilýär. Kiçijik pandalar doglandan 3 aýdan soň ýöräp başlaýarlar. Bu jandarlar 4 aýa çenli gözegçilikde saklanyp, soňra «çagalar bagyna» berilýär. Panda 1,5 ýaşanda agramy 50 kilograma ýetýär. Ýagny bu jandarlar haýal ulalýar. 2 ýaşly pandalar özbaşdak ýaşamaga ukyply hasaplanýar.
Äpet panda milli seýilgähine her gün ortaça 40-80 müň syýahatçy barýar. Syýahatçylar pandalary ýakyndan synlamak bilen bir hatarda, bu jandarlaryň ýaşaýyş ýagdaýy, tebigatda özüni alyp barşy bilen tanşyp bilýärler. Seýilgähde pandalar barada wideorolikler görkezilip, multimediýa sapaklary hem geçirilýär. Şeýle hem panda muzeýine gezelençler guralyp, panda stadionynda oýunlar oýnalýar. Seýilgähde panda öýjagazlary, panda «restorany» we panda hassahanasy bar. Şeýle hem ýodalarda panda heýkellerini görmek bolýar. Seýilgähiň girelgesindäki we merkezindäki dükanlardan kiçijik panda oýnawaçlaryny, daşynda pandanyň şekili bolan depderleri, ruçkalary, galamlary satyn alyp bolýar. Seýilgähdäki iň meşhur haryt panda täji bolup, bu täji geýip aýlanmak ýörgünli däp hasaplanýar. Pandalar ýitip barýan görnüş hasaplanmasa-da, haýal köpelýän jandar hasaplanýar.