Delide zyýanly gurumly tüsse bilen göreşmek maksady bilen emeli ýagyş ýagdyrmak isleýärler. Hindistanyň paýtagtynyň häkimiýeti şeýle meýilnamany eýýäm Ýokary kazyýete hödürlemekçi bolýar.
Soňky hepdede goýy tüsse zerarly şäherdäki adamlar demigip ugradylar. Howadaky zyýanly maddalaryň düzümi adatdakysyndan 10 esse ýokary boldy. Onuň hil görkezijisi bolsa 450-den geçýär. Şeýle ýagdaýda ol howply derejede hapa hasaplanýar. Güýz paslynda bu yzygiderli bolup geçýär, sebäbi hasyl ýygnalandan soň 20 million tonnadan gowrak sypal galýar we gadagan edilendigine garamazdan, daýhanlar samanlary ekin meýdanlarynda ýakýarlar. Netijede, ähli tüsse Deliniň üstüne gelýär.
Şeýle gurumly tüssede ýurduň esasy gözellikleriniň biri bolan Täçmahal hem ýitip gitdi. Şeýle tüsseden dem almak her gün 50 çilimi çeken ýalydyr diýip, hindi alymlary belleýärler. Howanyň hapalanmagy adamlaryň ömrüni 12 ýyl töweregi azaldýar diýlip hasaplanýar.