Saud Arabystanynyň çempionatynyň wekillerinden “Al Hilal” topary agyr şikes alan braziliýaly ýyldyzy Neýmaryň şertnamasyny wagtlaýynça togtatmakçy bolýar. Bu barada arap neşirleri habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, tomusda PSŽ-den 90 million ýewro transfer edilen oýunçy oktýabr aýynyň başlarynda milli ýygyndynyň duşuşygynda agyr şikes alypdy we golaýda operasiýa bolan oýunçynyň 1 ýyla golaý meýdança çykyp bilmejekdigi aýdylypdy.

Düzgüne görä, “Saudi Pro Liganyň” klublary 8 legioner futbolçyny registrasiýa etdirip bilýär. Şol sebäpli-de, Žorže Žesusyň tälim berýän kluby Neýmaryň ornuna gyşda bir oýunçy almakçy bolýar. Topar esasanam çep gyraky goragçy transfer etmek isleýär diýlip, habarda bellenilýär.