“Real Madrid” klubunyň fransiýaly ýarymgoragçysy Eduar Kamawinga milli ýygyndynyň türgenleşiginde agyr şikes aldy. Ispaniýanyň AS gazetiniň habar bermegine görä, 21 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy türgenleşikde topardaşy Usman Dembele bilen çaknyşyp, dyzyndan şikes aldy we türgenleşigi taşlady. Ýygyndydan çykarylan oýunçynyň azyndan 8 hepde meýdança çykyp bilmejekdigi habar berildi. Başgaça aýdylanda, Kamawinga 2023-nji ýylyň galan günlerinde meýdança çykyp bilmez. Kamawinganyň ornuna tälimçi Didie Deşam “Nissa” toparyndan Hefren Turamy milli ýygynda çagyrdy.

Kamawinga şu möwsümde “Real Madridiň” düzüminde 17 oýunda meýdança çykdy. “Real Madridde” Arda Güler, Jud Bellingam, Kepa Arizzabalaga dagynyň hem şikesi bardy. Tibo Kurtua, Eder Militao dagy bolsa has agyr şikes alyp, möwsümi ýapypdylar.