Sentýabr aýynda Ýewropa ýurtlarynyň daşary söwda saldosy ýokary boldy. Ýewropa Statistika edarasy (Eurostat) Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewro sebitiniň halkara söwdasyna degişli maglumatlary ýaýratdy. Maglumata görä, sentýabr aýynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň eksporty geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,7 göterim azalyp, 209,7 milliard ýewro bolupdyr. Degişli döwürde import 27,6 göterim azalyp, 202,5 milliard ýewro bolupdyr. Şeýlelikde, sebitiň daşarky söwda saldosy 7,2 milliard artyk bolupdyr.
Ýewro sebitinde bolsa, eksport geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,3 göterim pese gaçyp, 235,8 milliard ýewro, import bolsa, 23,9 göterim azalyp, 225,8 milliard ýewro bolupdyr. Şeýlelikde, Ýewro sebitiniň daşary söwda saldosy 10 milliard ýewro artyk bolupdyr.
Degişli döwürde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan iň köp import edýän ýurt 41,3 milliard ýewro bilen ABŞ öňdeligi eýeleýär. Ikinji ýerdäki Angliýa 27,7 milliard, üçünji ýerdäki Hytaý 17,7 milliard ýewrolyk haryt we hyzmat satyn alypdyr.
Ýewropa ýurtlaryna iň köp haryt eksport edýän ýurtlaryň arasynda 41,8 milliard ýewro bilen Hytaý öňdeligi eýeleýär. Bu ugurda ikinji ýerde ABŞ (28,4 milliard), üçünji orunda Angliýa (14,5 milliard) bar.
Altyn Orazgeldiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.