Şweýsariýa diýlende, ilki bilen, Alp daglary, Haýdi eseri, nusgawy sagatlar we şokoladyň dürli görnüşleri ýadyňa düşýär. Ululy-kiçili 185 şäheri bolan bu ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Bazel taryhy binalary bilen tapawutlanýar. Ýewropanyň merkezinde ýerleşýän Bazel şäherlere ýakyn meşhur şäher hökmünde tanalýar. 170 müň ilatly Bazel Şweýsariýanyň üçünji uly şäheri bolup (23,85 inedördül kilometr), Fransiýanyň Mýuluz, Germaniýanyň Freýburg şäherleri bilen araçäkleşýär. Täsin ýeri, şäheriň howa menzili goňşy ýurduň Mýuluz şäherinde ýerleşýär. Bazele barmak üçin ilki Fransiýa uçup, soňra awtobus bilen 30-40 minut ýöremeli. Syýahatçylygyň «Alsace» (Ýewropanyň medeni sebiti) akymyna girýän Bazel «Art Bazel» sungat çäreleri bilen köpçüligi özüne çekýär. Sungat şäherinde syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan birnäçe ýer bar.
Marktplatz. Bazeliň merkezi bolan Marktplatz (bazar meýdançasy) şäheriň ýerli häkimiýetiniň öňünde ýerleşýär. Bu meýdançada her şenbe güni göçme bazar guralýar. Aýlanmagy gowy görýän syýahatçylar bazarda hezil edýärler. Marktplatz iki köçäniň arasynda uzalyp gidýän gönüburçly meýdançany emele getirýär. Bu ýerde köçe tagamlaryny dadyp görmekden başga, kofe içip, kiçijik stollarda dynç alyp bolýar. Şeýle hem şäherde «Za Zaa» restoranlar zynjyrynyň islendiginde naharlanyp bolýar. Sagat halaýanlar üçin bu ýerde şweýsar sagatlarynyň nusgawy markalary satylýar.
Rathaus. Bazelde baryp görmeli ýerleriň sanawynda «gyzyl bina» ady bilen tanalýan Rathaus hem bar. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýerleşýän bu binasy 1514-nji ýylda gurlupdyr. Reňkli şekilleri, uzyn diňi, gümmezden girilýän gönüburç howlusy syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Kunstmuzeý. Bazeldäki meşhur hem-de köp syýahat edilýän ýerleriň biri hem Kunstmuzeý şekillendiriş sungaty muzeýidir. XV asyra degişli muzeýde taryhy eserler bilen bir hatarda, Wan Goguň, Pikassonyň onlarça kartinalary saklanýar. Mundan başga-da, şäherde sungat muzeýleriniň, galereýalaryň birnäçesi bar.
Mittlere. Reýn derýasynyň üstünde gurlan Mittlere köprüsi şäheri ikä bölýär. Şäheriň täsirli görnüşini hödürleýän bu köpri 1225-nji ýylda gurlupdyr. Tomus aýlarynda derýada gämili gezelençler has işjeňleşip, beýleki möwsümlerde derýanyň ýakasynda dynç alýan, gezelenç edýän adamlary görmek bolýar.
Şpalentor. XIV asyra degişli şäher galasyndan galan Şpalentor derwezesi Bazeliň nyşany hasaplanýar. Marktplatzdan ýola çykyp, reňkli köçelerden ýöräp, 10 minutda şäheriň iň köp surata düşülýän ýeri bolan Şpalentora baryp bolýar. Derwezäniň gapdalynda gezelenç etmek üçin botanika bagy hem bar. Şäherdäki gezelenç Şpalentor derwezesinde tamamlanýar.