Ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len du­çar bo­lun­ýan bo­kur­dak agy­ry­sy­nyň öňü­ni al­mak üçin bir­nä­çe usullar tek­lip edil­ýär. Bo­kur­dak agy­ry­sy wi­rus­lar, bak­te­ri­al ýo­kanç­lyk­lar we beý­le­ki da­şar­ky tä­sir­ler se­bäp­li ýü­ze çyk­ýar. Luk­man­lar bo­kur­da­gyň gu­ra­ma­gy­nyň we gy­jyn­ma­nyň öňü­ni al­mak üçin ýy­gy-ýy­gy­dan suw iç­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem bo­kur­dak agy­ry­syn­da ir­den 1 çaý çem­çe­si iýip bol­jak mel­hem mas­la­hat be­ril­ýär. Bo­kur­dak agy­ry­sy­na peý­da­ly bu mel­he­mi taý­ýar­la­mak üçin bal, zen­je­bil (im­bir) we li­mon ge­rek. 1,5 na­har çem­çe­si zen­je­bil kül­ke­si­niň ýa-da di­lim­le­nen ter zen­je­bi­liň üs­tü­ne 1 kä­se bal guý­ma­ly. Soň­ra li­mo­ny ikä bölüp, ba­lyň üs­tü­ne syk­ma­ly. Mel­he­mi ma­za­ly ga­ryş­dy­ryp,
30 mi­nut goý­ma­ly. Mel­hem taý­ýar bo­lan­dan soň ony çyg çek­me­ýän, sal­kyn ýer­de sak­lap, her gün 1 çaý çem­çe­si iý­me­li. Mel­he­mi is­le­gi­ňi­ze gö­rä, ir­den ýa-da ag­şam iýip bi­ler­si­ňiz. Ýö­ne
1 çaý çem­çe­sin­den köp iýilse, aş­ga­zan agy­ry­sy­na se­bäp bo­lup bi­ler.
Eger-de ýi­ti ta­gam­ly mel­he­mi iý­mek­de kyn­çy­lyk çek­ýän bol­sa­ňyz, mel­hem ça­ýy­ny hem taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin is­le­ge gö­rä, ki­çi­räk çäý­ne­ge ýa-da ag­zy ga­pak­ly bul­gu­ra gaý­nan suw gu­ýup, içi­ne 3-4 di­lim zen­je­bil at­ma­ly. Ga­pa­gy­ny ýa­pyp, 10 mi­nut de­mi­ne goý­ma­ly. Soň­ra 2 di­lim li­mon we 1 na­har çem­çe­si bal goş­ma­ly. Zen­je­bil ça­ýy üs­gü­le­wük, so­wuk­la­ma we bo­kur­dak agy­ry­sy­na peý­da­ly te­bi­gy içim­lik­le­riň bi­ri­dir.
Wi­ta­min­le­riň, mi­ne­ral­la­ryň çeş­me­si bo­lan zen­je­bil mel­he­mi im­mu­ni­te­ti güýç­len­di­rip, wi­rus­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Zen­je­bil mel­he­mi­ni do­wam­ly iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.