Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň sany artmagyny dowam edýär. E toparçada 1-1 deňlikde tamamlanan duşuşyklardan soň ýene bir ýygyndy Germaniýadaky ýaryşda orun almaga hukuk gazandy. Moldowa bilen myhmançylykda 1-1 deňme-deň oýnan Albaniýanyň ýygyndysy 2016-njy ýyldan soň taryhynda 2-nji gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eder. Duşuşykda Albaniýanyň ýygyndysy Sokol Çikalleşiniň 25-nji minutdaky penalti goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Ýöne oýnuň tamamlanmagyna 3 minut galanda Baboglonyň goly bilen hasaby deňledi. Bu deňlik Albaniýanyň Ýewropa çempionatyna çykmagy üçin ýeterlik bolup, moldowanlar hem gatnaşmak mümkinçiligini dowam etdirdi.

Toparçadaky beýleki oýunda-da Polşa – Çehiýa duşuşygynda-da ýeňiş gazanan bolmady.  38-nji minutda Piotrowskiniň goly bilen öňe geçen polýaklara çehler 49-njy minutda Souçegiň goly bilen jogap berdi. Toparçadan çykjak 2-nji ýygyndy Çehiýanyň ýa-da Moldowanyň ýygyndysy bolar. Duşanbe güni çehler öz meýdançasynda moldowanlary kabul ederler. Duşuşykda çehlere deňlik ýeterlik bolup, moldowanlar yklym ýaryşynyň debýutanty bolmak isleýän bolsalar, olara ýeňiş gazanmak zerur bolup durýar.