Gazagystanyň paýtagty Astanada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçylaryň hökümetara geňeşiniň nobatdan daşary 47-nji mejlisi geçirildi.
«Kaztraffic-2023» XIX Halkara forumyň çäklerindäki mejlis Belarusuň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň ýol-ulag we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi.
Olar GDA-nyň Ýolçylarynyň hökümetara geňeşiniň geçen döwürde ýeten sepgitleri bilen tanyşdylar hem-de arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň awtomobil ýollarynyň taslamasyny düzmek, gurmak, döwrebaplaşdyrmak we ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, olar GDA gatnaşyjy döwletleriň awtomobil ýollary boýunça döwletara ýük daşamalaryny amala aşyrýar. Ulag serişdeleriniň agramy we ölçegleri hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, 2024-nji ýylda VII Halkara awtoulag ýörişini geçirmek, “GDA-nyň awtomobil ýollary – 2024” bäsleşigini guramak bilen bagly meselelere garadylar.
Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň işine garamak, GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň we aspirantlarynyň ylmy işleriniň her ýylky halkara bäsleşigini geçirmek bilen bagly meseleler girizildi.
GDA-nyň Ýolçylarynyň hökümetara geňeşiniň 48-nji mejlisini 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Aşgabatda geçirmek meýilleşdirildi.
GDA-nyň Ýolçylarynyň hökümetara geňeşi 1992-nji ýylda döredildi. Onuň döredilmegi GDA döwletleriniň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde ýol pudagyny ösdürmek zerurlygy bilen şertlendirilendir.
Umumylykda peýdalanylýan awtomobil ýollarynyň ulgamynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine, şeýle hem ylalaşykly ýol syýasatyny amala aşyrmakda hökümetlere goldaw bermek geňeşiň esasy maksadydyr. Bu barada tca.gov.tm habar berýär.