Halkara töleg ulgamy bolan “Mastercard” Hytaýda bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin rugsat aldt aldy. Hytaýyň merkezi banky hem-de Milli maliýe işlerini düzgünleşdiriji edarasy amerikan kompaniýasyna we onuň hytaýly hyzmatdaşy “NetsUnion”-a ýuan hasabynda bank we karz petegi amallaryny amala aşyrmaga rugsat berdi. Şeýlelikde, Hytaýyň milli töleg ulgamlary daşary ýurtly kompaniýalar bilen bäsleşmeli bolarlar. Mundan ozal “American Express”-e hem bank karty amallaryny ýerine ýetirmäge rugsat berlipdi, emma Hytaýdaky hyzmatdaşynda gözegçilik paýnamasy ýok. Ýurtda bank kart amallarymy ýerine ýetirmekde döwlete degişli “UnionPay” kompaniýasy öňdeligi eýeleýär. Şeýle hem “AliPay” we “WeChat Pay” töleg ulgamy giňden ulanylýar.