Soňky ýyllarda emeli hemralaryň örän kiçi görnüşleri hem Ýeriň orbitasyny ugradylyp aragatnaşyk maksady bilen ulanylýar. Ispaniýadaky Kataloniýanyň açyk uniwersitetiniň (Universitat Oberta de Catalunya) hünärmenleri bolsa, 3D çap usulyndan peýdalanyp, belli bir belentlige uçurylýan aragatnaşyk hemrasyny öndürdiler. Bu enjam gyssagly ýagdaýda aragatnaşygyň ýola goýulmagyna ýardam eder. Kiçi göwrümli enjam gyzgyn howaly ballon arkaly ýokary çykarylýar. Esasy üç bölekden ybarat bolan enjamyň ikisi ýerde galýar. Uçurylan enjam “Long Range” radio tehnologiýasyndan peýdalanyp aragatnaşygy ýola goýýýar. Bu enjamyň gyssagy ýagdaý ýüze çykan ýerlerde wagtlaýyn aragatnaşygy ýola goýup boljakdygy mälim edildi.