Türkmen behişdi bedewleriň döreýşiniň gadymydygyny taryhy çeşmelere ýüzleneňde doly göz ýetirmek bolýar. Bedew atlaryň asly taryhynyň syrly gatlaryndan gaýdýar. Arheologlar gazuw-agtaryş işlerini geçirilende türkmeniň beýleki gymmatlyklary bilen birlikde bedewleriň hem gadymydygynyň üstini açdylar.
Döwlet muzeýiniň hemişelik sergi zalynda we muzeýiň gaznahanasynda ýerleşdirilen esbaplar muňa şaýatdyr. Türkmen halkyny dünýä tanadan gamyşgulak bedewler öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli guwanjydyr. At ynsanyň syrdaşy, aty bar adamyň mydama dosty ýanynda ýalydyr. Türkmeniň geçmişden söz açýan eserlerinde-de, dessanlarynda-da at hakynda gürrüň edilýär. At eýesine wepaly jandar bolup, ol ony ähli kynçylyklardan alyp çykmagy başarýar. Atyny janyndan hem eziz görýän türkmen ýigidi aty bezemäge hem uly üns beripdir. Zergärlerimiz nepis şaý-sepleri kümüşden ýasap hakyk, pöwrize daşlary bilen bezäp, altyn çaýyp gaýyşa berkidip, şaýyny bedew atlary üçin ýasapdyrlar. Göwüsbende, boýunlyga, gözlüge dakylan şelpeler, uçup barýan bürgüdiň şekilinde edilipdir. Bulardan başgada, gadymdan bäri atlara göz degmesin diýip hem-de bezeg üçin niýetlenip ulanylan dogabag, alaja ýüp, dürli dogajyklar dakylypdyr.
Dogabag üç barmagyň ininde dokalan bolup, atyň boýnuna dakylýar. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlary bedew atlary bezemek üçin täze bezegler döredýärler.
Atyň boýnuna dakylýan dogabag görnüşdäki halyçylaryň birnäçe görnüşleri bar, türkmen zenanlary yhlas edip dokan bezeg üçin niýetlenen halyçylary atlaryň görküne görk goşýar. Öňki wagtlardan bäri sowukdan, çybyn-çirkeýden, ýara düşmekden goramak üçin atyň üstüne ýapylýan ýapynjalar mydama aýal-gyzlar tarapyndan taýýarlanypdyr. Olara jül, at keçe, basyrgy, içergi, derlik ýaly zatlar girýär.
Jul atyň üşemezligi üçin onuň üstine ýapylýan örtgi, köýnekçe bolsa jülüň bezeg üçin edilen görnüşdir. Häzirki döwürde jülüň köýnekçäniň dürli matadan tikilýän görnüşinden başgada haly görnüşi hem bar. Onuň haly görnüşini aýal-gyzlar dürli türkmen gölleri bilen bezäp, atyň üstüne, kä ýagdaýlarda eýeriň üstine laýyk geler ýaly edilip baýramçylyklarda bezeg ýa-da sowgat etmek maksady bilen dokalýar. Umuman, at bezegleriniň ählisine syn edenimizde dünýä boýunça behişdi bedewlerimiziň şeýle eý görülip bezelendigini göz ýetirýärsiň. Munuň şeýledigini hormatly Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedew” atly ajaýyp eserlerinde açyk aýdyň görmek bolýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary gurlup, häzirki wagtda olarda at çapyşyklary, toý ýaryşlary yzygiderli geçirilip durýar.
At türkmenler üçin mukaddeslikdir, ol hakynda gör näçe rowaýatlar, ertekiler, atalar paýhasy sözler, nakyllar döredildi.
Türkmen ýelden ýüwrük bedewlerimiz hyýaly beýan etmeler türkmen zergärlerinde, halyçylygynda hem söýgüli gahrymanlaryň biri bolmagy geň däldir.
Bu babatda atyň keşbi edil folklor eserinde bolşy ýaly arzuw-hyýal, şowlulyk, ähli aýdyň we hoşniýetli zatlar bilen utgaşyp adamyň kalbyna barabar suratlandyrylýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde şekillendirilen ahalteke bedewiniň keşbi ýurdymyzyň azatlyga we garaşsyzlyga beslenip, ýagty geljege tarap okgunlylygyny beýan edýär. Häzirki döwrüň žurnalistleriniň köplenç türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň çalt depginlerini bedew bady bilen deňeşdirýändikleri ýöne däldir.
Edil durmuşdaky ajaýyp ornunyň bolşy ýaly, türkmen bedewiniň tebigata ýakynlygy, ýaraşyklylygy, ýel ýaly ýyndamlygy, ýaryşanda guşdan ozmagy asyrlaryň döreden ajaýyp aýdymydyr.
Türkmen bedewleriniň sungatdaky ýeten şöhraty ony dünýä meşhur eden ajaýyp syn-syratlarynyň biridir. Ahalteke bedewleri we nepis halylary, şaý-sepleri türkmeniň dünýä medeniýetine goşan bahasyz goşandy bolup durýar. Ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmekde, olaryň şan şöhratyny dünýä ýaýmakda hem wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bimöçberdir. Türkmen behişdi bedewleriniň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä özboluşly ýalkym saçyp, onuň geljegi barha artýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen bedewiniň baýramy uludan tutulýar. 2011-nji ýylda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 1-nji mejlisi hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly III Halkara ylmy maslahaty bolup geçdi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewleri – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly kitaplary bu günki gün töwerege ýalkym saçyp dur. Bu kitaplarda ajaýyp milli mirasymyz bolan naýbaşy ahalteke atlar barada gürrüň berilýär. Şeýle hem ýaş nesillere atçylyga bolan söýgüsini ösdürmekde, geljekki atşynaslar bolmalydygyna göz ýetirýärsiň.
Täzegül ÖWEZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.