17-nji no­ýabr­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ba­ku şä­he­rin­de Gün­do­ga­ryň nus­ga­wy şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň, Azer­baý­ja­nyň Mil­li Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ny­za­my Gen­je­wi adyn­da­ky Ede­bi­ýat ins­ti­tu­ty­nyň we Mu­ham­met Fi­zu­ly adyn­da­ky Gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bu mas­la­ha­ta ýur­du­myz­dan hem we­ki­li­ýet gat­naş­dy.
Azer­baý­ja­nyň Mil­li Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mu­ham­met Fi­zu­ly adyn­da­ky Gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň bi­na­syn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da, Azer­baý­ja­nyň Mil­li Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Isa Ha­bi­beý­li we Türk­me­nis­ta­nyň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Gur­ban­mäm­met El­ýa­sow gi­riş sö­zi bi­len çy­kyş et­di­ler. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň su­ra­ta dü­şü­ren «Ha­kyň gu­ly — Mag­tym­gu­ly» at­ly do­ku­men­tal fil­mi­niň gör­ke­zil­me­gi çä­rä öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy.
Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de azer­baý­jan di­lin­de ne­şir edi­len «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy. Saý­la­nan eser­ler» at­ly tä­ze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­ly­şy bol­dy. Ra­miz As­ke­riň ter­ji­me­si esa­syn­da «Ylym» ne­şir­ýa­ty ta­ra­pyn­dan çap edi­len bu ki­tap yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şan­la­ra sow­gat be­ril­di. Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň 22-nji no­ýab­ryn­da­ky sa­nyn­da ha­bar be­ril­ýär.