Bä­be­giň sag­dyn dün­ýä in­me­gi üçin ene-ata­sy öňün­den taý­ýar­lyk gör­me­li­dir. El­bet­de, ça­ga­nyň sag­dyn bol­ma­gyn­da onuň maş­ga­la­syn­da ne­sil yzar­la­ýan ke­sel­le­riň bar­dy­gy­na ýa-da ýok­du­gy­na, ata-ene­si­niň ýaş we sag­lyk aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, iý­mit­le­ni­şi­ne uly orun be­ril­ýär. Gel­jek­ki enä­niň iý­mi­tin­de sag­lyk üçin peý­da­ly wi­ta­min­le­riň ýe­ter­lik de­re­je­de üp­jün edil­me­gi hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.
Alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry göw­re­li ze­na­nyň be­den sy­na­la­ryn­da wi­ta­min­ ýet­mez­çi­li­gi­niň ça­ga dü­wün­çe­gi­ne ýa­ra­maz tä­sir ed­ýän­di­gi­ni, ösü­şi­niň pe­sel­ýän­di­gi­ni, do­ga­bit­di ke­mis­lik­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­na, ça­ga­nyň wag­tyn­dan öň ýa-da az ag­ram bi­len dün­ýä in­me­gi­ne se­bäp bol­ýan­dy­gy­ny su­but et­di. Göw­re­li ene wagt­ly-wag­tyn­da luk­man bi­len mas­la­hat­la­şyp, özü­ne ge­rek­li wi­ta­min, mi­ne­ral top­lum­la­ry­ny ka­bul eden­de bu oňaý­syz ýag­daý­la­ryň ag­la­ba­sy­nyň öňü­ni alyp bol­ýar.
Wi­ta­min top­lum­la­ry­ny göw­re­li­lik döw­rün­de däl-de, on­dan has öň ka­bul edip baş­la­saň, göw­re­li­lik wag­tyn­da bol­sa bel­le­nen ter­tip­de do­wam et­dir­seň, enä­niň özü­ne-de, bä­be­gi­ne-de has peý­da­ly­dyr. Göw­re­li­lik döw­rün­de zenan maş­ga­la­nyň be­den sy­na­la­ry­nyň wi­ta­min­le­re bo­lan ze­rur­ly­gy­nyň 1,5 es­se ýo­kar­lar. Bu ýag­daý göw­re­li ze­na­nyň en­dok­rin ul­ga­my­nyň iş­jeň­li­gi­niň üzül-ke­sil ýo­kar­lan­ýan­dy­gy, mad­da alyş-ça­lyş ha­dy­sa­la­ry­nyň iş­jeň­leş­ýän­di­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Ösüp gel­ýän ça­ga dü­wün­çe­gi­niň ha­sa­by­na ze­nan maş­ga­la­nyň sy­na­la­ry­na düş­ýän ag­ram ýü­ki iki es­se di­ýen ýa­ly kö­pel­ýär.
Şeý­le ýag­daý­da ýaş ze­na­na we onuň bä­be­gi­ne wi­ta­min­le­riň ber­ýän peý­da­sy ýo­kar­lan­ýar. Göw­re­li ze­na­na fo­liý tur­şu­sy bi­len mag­niý mik­roe­le­men­ti ze­rur­dyr. Bu bol­sa ça­ga­nyň wag­tyn­dan ir do­gul­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar.
Luk­man­lar gel­jek­ki ene­le­re E wi­ta­mi­ni­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu wi­ta­min ze­nan sy­na­la­ry­ny göw­re­li­li­ge taý­ýar­la­ýar, ýü­rek bu­lan­ma­sy ýa­ly oňaý­syz ýag­daý­la­ry ara­dan aýyr­ýar. Göw­re­li ze­nan­la­ryň A hem-de D wi­ta­mi­ni­ne bo­lan ta­lap­la­ry do­ly de­re­je­de ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­ly­dyr.
A wi­ta­mi­ni ze­nan maş­ga­la­nyň diş­le­ri­niň, sa­çy­nyň, de­ri­si­niň sag­dyn sak­lan­ma­gy üçin peý­da­ly­dyr. D wi­ta­mi­ni sy­na­lar­da fos­for we kal­siý mik­roe­le­ment­le­riň siň­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Göw­re­li ze­nan­da dem­riň ýet­mez­çi­li­gi do­gum we do­gum­dan soň­ky dö­wür­de gaý­ra üzül­me­le­re ge­tir­me­gi äh­ti­mal. Wi­ta­min­le­ri we mi­ne­ral­la­ry öz­baş­dak iç­mek bol­ma­ýar. Luk­ma­na ýüz tut­sa­ňyz, ol si­ze haý­sy wi­ta­mi­ni nä­çe möç­ber­de iç­me­li­digi­ni mas­la­hat be­rer.
Ýaş ene­le­riň kä­bi­ri ene süý­dün­de ça­ga ze­rur bo­lan mad­da­la­ryň äh­li­si­niň sak­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, ça­ga­sy­na goş­ma­ça wi­ta­min­le­ri ber­me­gi ar­tyk­maç ha­sap­la­ýar­lar. Ýö­ne bu aý­dy­lan­lar D wi­ta­min­le­ri­ne de­giş­li däl­dir: ça­ga­nyň sy­na­la­ryn­da onuň ag­dyk­lyk et­me­gi iň­ňän seý­rek duş gel­ýän ýag­daý­dyr, ýet­mez­çi­li­gi we­lin düýp­li kyn­çy­lyk­la­ra eltip bil­ýär. Bu wi­ta­min sy­na­lar­daky mi­ne­ral alyş-çal­şy­gy ka­da­laş­dyr­ýar, süňk do­ku­ma­la­ryn­da kal­si­niň top­lan­ma­gy­na jo­gap ber­ýär.
Kal­siý süňk do­ku­ma­sy­nyň berk­li­gi­ni üp­jün ed­ýän esa­sy mik­roe­le­ment­dir. Onuň ýet­mez­çi­lik etmegi ça­ga sä­hel ýy­ky­lyp-sür­şen­de süňk­le­ri­niň şi­kes­len­me­gi­ne, bo­ýu­nyň ha­ýal ös­me­gi­ne, gow­şak­ly­gy­na se­bäp bol­ýar. Süýt we süýt önüm­le­ri kal­siniň esa­sy çeş­me­si­dir. Ça­ga­nyň olar­dan ýüz öwür­ýän­di­gi se­bäp­li luk­ma­na ýüz tu­tu­lan­da köp­lenç, fer­ment ýet­mez­çi­li­gi anyk­la­nyl­ýar. Şeý­le ýag­daý­da kör­pe­jä süýt önüm­le­ri­niň or­nu­ny tut­ýan azyk önüm­le­ri­niň ag­dyk­lyk ed­ýän ber­hi­zi­ni bel­le­ýär­ler, bäş ýaş­dan uly ça­ga­la­ry bol­sa dü­zü­min­de lak­to­za sak­lan­ýan der­man se­riş­de­leri bi­len be­jer­ýär­ler. Kal­siý mi­ne­ra­ly­na bo­lan ta­lap, aý­ra­tyn hem, ça­ga­nyň 3,5 we 7 ýa­şyn­da, şeý­le-de kä­mil­lik döw­rü­ne ga­dam ba­san­da ýo­kar­lan­ýar.
Kör­pe­jä­niň sag­dyn ös­me­gi üçin C wi­ta­mi­ni­ne-de köp zat bag­ly bol­ýar, onuň ýet­mez­çi­li­gi ça­ga­nyň tiz-tiz­den dü­mew­le­me­gi­ne getirýär. B wi­ta­mi­ni­niň ýet­mez­çi­li­gi ça­ga­da nerw nä­saz­lyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ýar, ne­ti­je­de kör­pe­jä­niň ka­da­ly uku­sy bo­zul­ýar, ol se­bäp­siz ýe­re ga­har­lan­ýar, ag­la­ýar, öý­ke­le­ýär, mek­dep ýa­şy­na ýe­ten­de okuw sa­pak­la­ry­na ýe­ti­şi­gi deň-duş­la­ry­nyň­ky­dan pes bol­ýar. Şol se­bäp­li hem wi­ta­min­le­re hem-de mik­roe­le­ment­le­re baý bo­lan gök önüm­ler­dir ir-iý­miş­le­ri iý­me­gi mas­la­hat ber­ýä­ris.

Ak­je­mal Mäm­met­ju­ma­ýe­wa,
On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň yl­my-kli­ni­ki şöh­le bi­len be­je­riş bö­lü­mi­niň luk­ma­ny.