Dünýäde taryhy tapyndylary, surat eserlerini özünde saklaýan, geçmiş bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän 104 müň muzeý bar. Muzeýler syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biridir. Islendik halkyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşjak bolsaň, şol ýurtdaky ýa-da şäherdäki muzeýlere gezelenç etmeli. Gazetimiziň şu sanynda taryhyň iň möhüm eserlerini özünde saklaýan 3 sany meşhur muzeýleriň 3-si bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Prado muzeýi, Madrid. Meşhur muzeýleriň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýän bu muzeý Madridiň merkezinde ýerleşýär. Sungat kolleksiýalaryny, taryhy tapyndylary özünde saklaýan Prado muzeýine her ýyl millionlarça sungat söýüjiler barýar. Bu muzeýiň beýleki muzeýlerden tapawutly tarapy ispan Korollygyna degişli ýadygärlikleriň saklanmagydyr. Muzeýde XII asyrdan XIX asyra çenli döwürde döredilen suratlar we heýkeller ýygyndylary görkezilýär. «Prado» ýygyndysynda 20 müňden gowrak surat, çyzgy we çap eserleri, müňlerçe heýkeltaraşlyk nusgalary hem-de gadymy zatlar bar. 1785-nji ýylda ispan Koroly Çarlz III binagär Huan de Wilýanuewa muzeý binasyny gurmagy tabşyrýar. Muzeýiň gurluşygy 1819-njy ýylda tamamlanýar. Muzeýdäki meşhur sungat eserleri: «Ýerdäki lezzetler bagy» (Bosch), «Adam we How» (Dürer), «Isa şägirtleriniň aýaklaryny ýuwýar» (Tintoretto), «Las Meninas» (Welazquez), «Üç merhemet» (Rubens), «Saturn çagasyny iýýär» (Goýa), «Mukaddes Üçbirlik» (El Greko), «Bildiriş» (Fra Anjeliko), «Päk gyzyň ölümi» (Mantegna), «Çarlz V At Mühlberg» (Tiziano), «Ýakubyň düýşi» (Ribera), «Kardinal» (Rafael).
Rijks muzeýi, Amsterdam. Niderlandlaryň sungatyna we taryhyna aralaşmaga mümkinçilik berýän bu muzeý köp sanly syýahatçylaryň barýan ýerleriniň biridir. Muzeý uly esasy binadan we kiçi goşundy binasyndan ybarat. 3 gatdan ybarat bina 1800-nji ýylda açylýar. 1885-nji ýylda niderland binagäri Pýer Kupýer Got Korol köşgüne ýakyn ýerde muzeýiň täze binasyny gurýar. Häzirki wagtda hem şol ýerde ýerleşýän bu muzeý dikeldiş işlerinden soň, 2013-nji ýylda täzeden açyldy. Rijks muzeýine «Korol muzeýi» hem diýilýär. Muzeýdäki esasy eserler binanyň birinji gatynda – Hormat galereýasynda görkezilýär. Muzeýde 1400-1900-nji ýyllar aralygyna degişli 1 milliondan gowrak sungat eserleri we taryhy gymmatlyklar bar. Sergi zalynda olaryň 8 müňüsi görkezilýär. Eserleriň 2 müňüsi Niderlandlaryň altyn döwrüne degişli bolup, goralýan gymmatlyklar hasaplanýar. Muzeýiň ikinji gaty tutuşlygyna XX asyryň suratkeşleriniň eserlerine degişlidir. Rijks muzeýi «Wan Gog» muzeýinden soň Amsterdamdaky iň köp syýahatçy barýan muzeýleriň biridir. Muzeýdäki meşhur sungat eserleri: «Gijeki sagat» (Rembrandt), «Süýtçi» (Wermer), «Münster şertnamasynyň dabarasy» (Wan der Helst), «Howp abanýan guş» (Assan Asselijn).
Luwr muzeýi, Pariž. Luwr dünýädäki iň uly we meşhur sungat muzeýidir. 72 müň inedördül metr meýdana ýaýran bu muzeý baryp görmeli ýerleriň biridir. Ilkibaşda gala hökmünde gurlup, soňra Korol köşgi hökmünde ulanylan bu ýer 1793-nji ýylda muzeýe öwrülýär. Luwr ilkibaşda «Döwlet muzeýi» diýlip atlandyrylypdyr. Muzeýde bahasyna ýetip bolmajak ýüzlerçe eserler we gadymy ýygyndylar saklanýar. Häzirki wagtda muzeýe barýan syýahatçylara 35 müňden gowrak eser we 380 müňden gowrak taryhy tapyndylar görkezilýär. Muzeýi ululygyndan ýaňa bir hepdede hem aýlanyp gutaryp bolmaýar. Luwr muzeýi italýan, fransuz we ispan suratkeşleriniň dünýä belli eserlerini özünde jemleýär. Muzeý Sulli, Riçeliu we Denon atly 3 aýry ganatdan, 8 sany esasy bölümden we onlarça bölümçeden ybarat. Muzeýe 2019-njy ýylda 10 milliondan gowrak syýahatçynyň barandygy bellenilýär. Muzeýdäki meşhur sungat eserleri: «Mona Liza» (Leonardo da Winçi), «Kanadadaky toý» (Pol Weronese), «Medusanyň kenary» (Teodor Jerika), «Adamlara ýol görkezýän azatlyk» (Delakroiks), «Napoleonyň täji», (Lui Deýwid).