BBC ne­şi­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 1986-njy ýyl­da An­tark­ti­ka­nyň ke­na­ryn­dan bö­lü­nip aý­ry­lan, Wed­dell deň­zin­de su­wuň saý ýe­rin­de sak­la­nyp ga­lan we buz­dan ada öw­rü­len “A23a” at­ly aýs­berg he­re­ket edip baş­la­dy. Ang­li­ýa­nyň “Bri­tish An­tarctic Survey” at­ly An­tark­ti­ka­ny öw­re­niş ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­me­ni, dok­tor Endr­ýu Fle­ming äpet buz bö­le­gi­niň wag­tyň geç­me­gi bi­len ki­çe­len­di­gi­ni we he­re­ket edip baş­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu­zuň il­kin­ji he­re­ke­ti 2020-nji ýyl­da anyk­la­nyp­dyr. Soň­ky wagt­lar­da bol­sa, ýe­liň hem-de su­wuň aky­my­nyň tä­si­ri bi­len he­re­ket edip baş­lap, hä­zir­ki wagt­da An­tark­ti­ka ýa­rym ada­sy­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky burç­dan ge­çip­dir.
Bi­ler­men­ler “A23a”-nyň Gü­nor­ta Jor­ji­ýa­da su­wuň saý ýe­rin­de sak­la­nyp ga­lan ýag­da­ýyn­da, bu ada­da­ky düw­len, ping­win we de­ňiz guş­la­ry üçin zy­ýan­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Äpet bu­zuň mas­sa­sy jan­dar­la­ryň iý­mit­len­mek üçin geç­ýän ýo­lu­ny ke­sip bi­ler. Bu bol­sa, ola­ryň ça­ga­la­ry­ny yzy­gi­der­li iý­mit­len­dir­me­gi­ne päs­gel be­rer.
Dün­ýä­niň iň uly aýs­ber­gi ha­sap­lan­ýan “A23a”-niň meý­da­ny 4 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re, ga­lyň­ly­gy 400 met­re ba­ra­bar.