24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Halkara howa menzilleriniň işiniň raýat awiasiýasy ulgamynda halkara standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, uçarlarda ornaşdyrylan ugurdaş enjamlaryň uçuş barlaglaryny talabalaýyk geçirmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde uçuşlary talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, uçuş barlaglarynyň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň deňiz gämiçiligini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň akwatoriýasynda gämileriň halkara ýüzüşleriniň tehniki taýdan gözegçiligi we olaryň klassifikasiýasy, Türkmenistanyň Söwda-deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen Klassifikasion jemgyýet tarapyndan amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işi halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak işlerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda hyzmatlary ýerine ýetirmäge ygtyýar bermek meselesini öwrenmegi we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.