24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleri tassyklamak boýunça Kararnama kabul edildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem bar.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň mejlisi geçiriler
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Onuň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär. Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
“COP-28” maslahatyna taýýarlyk görülýär
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Garaşylyşy ýaly, “СOP-28” maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň biri hökmünde Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi barada aýdylanda, daşky gurşawy goramak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen Pariž ylalaşygyny işjeň goldady we 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ony tassyklady. 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy.
2022-nji ýylda Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony tassyklady.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldaýandygyny mälim etdi we ýurdumyz tarapyndan onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirildi. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu ulgamda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) bilen bilelikde degişli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda borçnama dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, “COP-28” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi. Şunuň bilen birlikde, borçnamanyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek teklip edilýär.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “COP-28” maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň maslahatyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji maslahatynda kabul ediljek resminamalaryň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gatnaşýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.