ABŞ-nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Il­çi­ha­na­sy 3-15-nji de­kabr ara­ly­gyn­da Ame­ri­kan sun­gat iş­gär­le­ri Keýt Bass bi­len Äron Ýa­ňyň Türk­me­nis­ta­na ýe­ne bir sa­par et­jek­di­gi­ni ha­bar ber­ýär. Bass bi­len Ýaň Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sim­fo­ni­ki or­kest­ri, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy, Ma­ry we Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň ýaş­lar hor to­par­la­ry we öz­baş­dak sun­gat iş­gär­le­ri bi­len alyş-ça­lyş se­mi­nar­la­ry­na gat­na­şar­lar. Şeý­le hem, mak­sat­na­ma­nyň çä­gin­de Brod­we­ýiň klas­sik­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan bi­le­lik­dä­ki ame­ri­kan-türk­men kon­sert­le­ri ge­çi­ri­ler. Kon­sert­ler hem­me­ler üçin açyk bo­lup, zal­lar to­ma­şa­çy­la­ryň ge­liş no­ba­ty­na gö­rä dol­du­ry­lar.
Ame­ri­kan sun­gat iş­gär­le­ri 8-nji de­kabr­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da sa­par­da bo­lup, M.Ke­mi­ne adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da çy­kyş eder­ler. Kon­sert şol gün 19:00-da baş­lan­ýar.
Da­şa­ry ýurt­ly sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da 11-nji de­kabr­da, sa­gat 19:00 Le­bap we­la­ýa­ty­nyň S. Seý­di adyn­da­ky döw­let saz­ly dra­ma te­at­ryn­da kon­sert ber­ler. Sun­gat iş­gär­le­ri­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki kon­ser­ti 15-nji de­kabr­da sa­gat 19:00-da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zin­de ge­çi­ri­ler.