Tennis boýunça milli ýygyndylaryň (erkekler) arasynda geçirilýän Dewis Kubogy ýaryşynda Italiýanyň ýygyndysy çempion boldy. Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirilen ýaryşyň final tapgyrynda italýanlar çärýek finalda Niderlandlardan, ýarym finalda-da serblerden 2:1 hasaplar bilen üstün çykdy. Finalda Awstraliýanyň ýygyndysyny-da 2-0 ýeňen italýanlar 47 ýyldan soň 2-nji gezek Dewis Kubogyny gazanmagy başardy. Finalyň 1-nji duşuşygynda Matteo Arnaldi Alekseý Popirini 2:1 (7:5, 2:6, 6:4), 2-nji duşuşygynda-da Ýannik Sinner Aleks de Minaury 2:0 (6:3, 6:0) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu 2 ýeňişden soň jübütleýin duşuşygyň geçirilmeginiň hökmançylygy hem galmady. Şunlukda, Ýannik Sinner, Lorenzo Musetti, Lorenzo Sonego, Matteo Arnaldi hem-de Simone Bolelli dagydan düzülen Italiýanyň ýygyndysy taryhyndaky 2-nji Dewis Kubogyny asmana göterdi.

Italiýanyň ýygyndysy mundan öň diňe 1975-nji ýylda çempion bolupdy. Olar şonda şol wagtky Çehoslowakiýany ýeňipdi. Italiýanyň ýygyndysy Dewis Kubogyny 2 gezek gazanan 11-nji ýurt hökmünde hasaba alyndy.