Diňe iýýän zadymyz däl, haçan iýýänimiz hem möhümdir. Alymlar geçiren barlaglarynda iýmitiň günüň haýsy wagtynda iýlende bedene nähili täsir edýändigini ýüze çykardylar. Barlaglaryň netijesi kaloriýaly ideal iýmitleriň köpüsini agşam däl-de, irden iýmegiň has peýdalydygyny tassyklaýar. Mysal üçin, gowy ertirlik, ortaça günortanlyk we ýeňil agşamlyk. Iýmitlenmegiň bu usuly gündizki işjeňlige, bedeniň temperaturasyna we uky gormonlaryna oňaýly täsir edýär. Şeýle hem adamyň gündelik beden ritmine laýyk gelýär.
Biologik sagadymyzyň iş ýörelgesine laýyklykda irdenki iýlen iýmit has gowy siňip, metabolizma täsir edýär. Ir sagat 9-da naharlanmagyň täsiri agşam sagat 9-da nahar iýmekden has tapawutlanýar. Hrono iýmitleniş diýlip atlandyrylýan bu ugur iýmit bilen saglygyň arasyndaky kadaly çalşygy görkezýär. Alymlar diňe ýokumly maddalara we kaloriýa üns bermegiň deregine, esasan, nahar wagtyna seredýärler. Wagtly-wagtynda naharlanmagyň agramymyza, işdämize, kesel töwekgelçiligine we bedeniň ýag ýakmak ukybyna edýän täsirini öwrenýärler.
Gowy ertirlik, ýeňil agşamlyk
Häzirki ösen tehnologik döwürde dünýäde ertirlik naharyny edinmezlik we uzak günüň ahyrynda agyr agşamlyk naharlary iýmek adaty zat boldy. Şeýle-de bolsa, alymlaryň pikiriçe muny tersine etmeli. Ýagny gowy ertirlik iýip, ýatmazdan bolmanda bir-iki sagat öň ýeňilräk agşamlyk edinmeli. Nahar wagty saglygymyza täsir edýän faktorlaryň biridir. Käbir adamlar üçin, meselem, gijeki nobatda işleýänler ýarygije hem naharlanyp bilerler. Emma gündizki durmuş ýörelgesine uýgunlaşan adamlar üçin agşam däl-de, irden ýa-da günortan gowy iýip-içmek has peýdaly.
Irdenki nahar meýilnamasy
Bedeniň ýokumly maddalary kabul edýän wagty irden. Irdenki nahar uglewoda, süýt önümlere we beloga baý bolmaly. Ertirlik naharyny iýmezlik semizlik howpuny ýokarlandyrýar. Mümkinçiligi bolsa günortanlyk naharynda
2 nahar iýmek maslahat berilýär. Olaryň biri hökmany ýagdaýda suwuk nahar bolmaly. Etli, towukly, nohutly, gök önümli çorba ýa-da merjimek muňa mysal bolup biler. Alymlar agşamlyk naharynda siňmegi ýeňil bolar ýaly guş etinden, balykdan, gök önümlerden taýýarlanan naharlary iýmegi maslahat berýärler. Agşamlykdan soň miwe iýmek we ýatmazdan öň süýt ýa-da gatyk içmek saglyk üçin has peýdalydyr.
Bilermenler hepdede 5 gün naharlanyp, 2 gün gök we süýt önümleri bilen oňňut etmek meýilnamasyny hem hödürleýärler. Hepdede 7 gün däl-de, 5 gün gowy ertirlik we günortanlyk edinip, 2 gün berhiz saklamagyň gandaky şekere gözegçilik etmekde, ýadawlyklary azaltmakda, bedendäki galyndylary we artykmaç maddalary aýyrmakda peýdalydygyny belleýärler. Şeýle hem bedeniň 2 günki berhiziň öwezini galan günlerde dolup bilýändigi bellenilýär.