(Türk­men halk er­te­kisi)

Bir bar eken, bir ýok eken, ser­çe bi­len sy­çan bar eken. Bu­la­ryň her­si bir ýurt­da ýa­şa­ýan eken­ler. Bu iki­si gö­rüş­mez­den, bi­ri-bi­ri­niň ady­ny eşi­dip, dost bo­lup­dyr­lar. Soň bir gün bu­la­ryň iki­si hem ýur­dun­dan çy­kyp, biri-bi­ri­ni gör­mä­ge ug­ra­ýar­lar.
Ser­çe bir gün­de kyrk men­zil ýol ýö­re­se, sy­çan kyrk gün­de bir men­zil ýol ýö­re­ýär eken. Şon­luk bi­len kyrk bi­rin­ji gü­n bu­lar bi­ri-bi­ri­ne duş­ýarlar. Il­ki gör­şüp, sag­lyk-amanlyk so­raş­ýar­lar, soň sy­ça­nyň öýü­ne ta­rap ug­ra­ýar­lar.
Ýol­da ba­ryş­la­ry­na bularyň öňünden bir tom­zak çyk­ýar.
Bu­lar on­dan:
— Ýe­ri, Ga­ra­han, ni­re­den ge­lip, ni­rä bar­ýar­syň? — di­ýip so­ra­ýar­lar.
Ol hem:
— Me­niň dog­ry ady­my tu­tuň, me­niň adym Ga­ra­han däl. Kim ma­ňa Ga­ra­han diý­ýän bol­sa, göw­ni ýet­män aýd­ýan­dyr. Me­niň adym To­muz­gan baý — diý­ýär.
— Bar, To­muz­gan baý bol­sun, ni­re­den gel­ýär­siň?
— Şu ýa­kyn ýer­de bi­ri toý ed­ýär. Şo­ňa ça­gy­ry­lyp­dym.
— Ýol­da-yz­da nä­me gör­düň?
— Üýt­ge­şik bir gö­ren za­dym-a ýok. Ýö­ne ýa­ňy ýol­da gel­şi­me bir har­ma­nyň ba­şyn­da gar­ga bi­len ge­çi­niň da­wa edip du­ran­la­ry­ny eşit­dim.
— Olar nä­mä­niň üs­tün­de da­wa­laş­ýar­lar?
— Aý, bil­me­dim. Ge­çi: «Men haý­wan­la­ryň mol­la­sy, şonuň üçin hem har­man­da ga­lan ar­pa­lar me­niň­ki» diý­ýär. Gar­ga hem: «Men eki­len­de-de, or­lan­da-da, döw­len­de-de ýa­nyn­dan aý­ryl­ma­dym, şo­nuň üçin hem ga­lak-ga­ça­gy me­niň­ki bol­ma­ly» diý­ýär…
Sy­çan ony eşi­dip:
— Dat, ser­çe dost, ýö­rä­li, bi­ze hem zat ýet­mez­mi­kä? — di­ýip, yl­gap şol har­ma­na ta­rap gi­dip­dir­ler. Ba­ryp gör­se­ler, jan­ly-je­men­de ýok­muş.
Sy­çan ýol­da­şy­na ga­rap:
— Ser­çe dost, sen ma­ňa kö­mek et, iki­miz şu har­ma­nyň ba­şyn­da am­mar ga­za­ly. Şo­ňa gyş üçin azyk sa­lyp go­ýa­ly, hem sa­ňa, hem ma­ňa bo­lar — di­ýip, du­ran ýe­rin­den am­mar gaz­ma­ga baş­lap­dyr. Ser­çe oňa kö­mek et­mek­den bo­ýun ga­çy­ryp­dyr.
Az sa­lym­dan sy­çan ag­zy dar, düý­bi giň hin ýa­sap­dyr. Soň­ra sy­çan har­man­da­ky dä­ne­le­ri şol hi­ne da­şap­dyr. Hi­niň ag­zy­ny bol­sa gö­müp, gy­şa taý­ýar­lap go­ýup­dyr.
Şon­luk bi­len ara­dan bir­nä­çe gün ge­çip­dir, aý ge­çip­dir, ahy­ry gyş ge­lip­dir. Sy­çan am­ma­ryň ag­zy­ny açyp, içi­ne gi­rip, gar­ny­ny doý­rup çy­kyp­dyr. Ser­çe gir­jek bo­lup­dyr we­li, am­ma­ra syg­man­dyr.
Soň­ra ol sy­ça­na ga­rap:
— Sy­çan dost, men hem sy­gar ýa­ly, mu­nuň ag­zy­ny bi­raz gi­ňelt­se­ne — di­ýip­dir.
Sy­çan:
— Ser­çe dost, zäh­me­tiň hem­me­si­ni di­ýen ýa­ly men çek­dim, şo­nuň üçin reh­ne­di­ni hem özüm gö­re­ýin. Sen bol­saň, men iş­läm­de, ýö­ne ýa­nym­da du­rup­dyň, şo­ny­ňa hak be­re­ýin — di­ýip, bir gy­sym ar­pa­ny ser­çä­niň öňü­ne se­pip­dir.
Ser­çe ga­har edip, ola­ry-da al­man:
— In­di iki­mi­ziň dost­lu­gy­myz şu­nuň bi­len gu­tar­dy — di­ýip, sy­çan­dan öý­ke­läp gi­dip­dir.
Ser­çe şol bar­şy­na bir ga­ra­gu­şuň ýa­ny­na ba­ryp, oňa arz edip­dir.
— Sy­çan kim bo­lup­dyr, se­niň ha­ky­ňy iýer­çe, ýör, sen ma­ňa onuň bol­ýan ýe­ri­ni bir gör­kez — di­ýip, ga­ra­guş ser­çä­ni öňü­ne sa­lyp gaý­dyp­dyr. Şol wagt sy­çan hi­ni­niň da­şy­na çy­kyp, gü­neş­läp otu­ran eken. Sy­çan ga­ra­gu­şy yzy­na dü­şü­rip gel­ýän ser­çä­ni gö­rüp, gö­zü­niň gy­ta­gy bi­len se­re­dip otu­ryp­dyr.
Ser­çe şol gel­şi­ne yzy­na gaň­ry­lyp, ga­ra­gu­şa ga­rap:
— Hol­ha, sy­çan hi­ni­niň ag­zyn­da otyr, bil­dir­män üs­tü­ni ba­saý­ma­sak, bol­ma­sa bi­ze al­dyr­maz — di­ýip­dir.
Ga­ra­guş güý­jü­ne buý­sa­nyp:
— Gö­re­ris, nä­hi­li al­dyr­maý­şy­ny. Sen şu taý­da dur — di­ýip, sy­ça­na ta­rap ok­du­ry­lyp­dyr.
Ga­ra­guş ýa­kyn ge­len­de sy­çan hi­ni­ne gi­rip­dir. Ga­ra­guş sak­la­nyp bil­män, özü­ni bat bi­len ýe­re urup­dyr. Ga­ra­gu­şuň ýer­de ýa­ta­ny­ny gö­ren ser­çe öz ýo­lu­na uçup gi­di­be­rip­dir. Sy­çan bol­sa öz zäh­me­ti­ni siň­di­rip ýyg­nan ar­pa­sy­ny ar­ka­ýyn özi iý­mä­ge baş­lap­dyr.
«Ýaz kö­le­ge hoş, gyş çu­wal boş». «Zäh­met so­ňy – reh­net».