ABŞ-nyň iň ga­dy­my söz­lük ne­şir­ýa­ty Mer­ri­am-Webs­ter “aut­hen­tic”, ýag­ny, “ha­ky­ky” sö­zü­ni 2023-nji ýy­lyň iň köp ula­ny­lan sö­zi di­ýip mä­lim et­di. Ne­şir­ýa­tyň pi­ki­ri­çe, eme­li aň, meş­hur­la­ryň me­de­ni­ýe­ti, şah­sy­ýe­ti we jem­gy­ýet­çi­lik ul­gam­lar ba­ra­da­ky gür­rüň­ler “ha­ky­ky” sö­zü­niň şu ýyl meş­hur­ly­gy­nyň ep-es­li art­ma­gy­na se­bäp bol­dy.
“Aut­hen­tic ” sö­zü­niň “galp däl, öý­kün­me­ýän” we “şah­sy­ýe­ti­ne, ru­hu­na ýa-da hä­si­ýe­ti­ne la­ýyk” ýa­ly bir­nä­çe ma­ny­sy bar. “Mer­ri­am-Webs­ter”-iň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu söz aý­dym­çy La­neý Wil­son, Sam Smit we Teý­lor Swift ýa­ly ta­ny­mal adam­lar ta­ra­pyn­dan ula­nyl­ýar. Olar şu ýyl “ha­ky­ky se­si­ni” we “ha­ky­ky şah­sy­ýe­ti­ni” tap­mak ba­ra­da­ky çy­kyş­la­ry bi­len ga­zet ha­bar­la­ry­nyň söz­ba­şy­la­ryn­da peý­da bol­du­lar.
Dün­ýä bel­li işe­wür Ilon Mask, jem­gy­ýet­çi­lik ul­gam­la­ryn­da adam­la­ryň has “ha­ky­ky” bol­ma­ga ça­gy­ryş edip­di. Eme­li aňyň ös­me­gi ha­ky­kat bi­len ýa­la­nyň ara­syn­da­ky çä­gi aýyr­dy, ne­ti­je­de meş­hur­lar, brend­ler we so­si­al ul­gam­lar tä­sir­li adam­lar öz­le­ri­niň ha­ky­ky­ly­gy­ny su­but et­mä­ge ta­gal­la edip ug­ra­dy­lar.