Gabriela Mistral Çiliniň şahyr zenany we pedagogy Lusila Godoý Alkaýýaganyň tahallusydyr. Ol Andyň beýik dag gerişlerindäki Wikuna obasynda gelip çykyşy boýunça indeý Heronimo Godoý Wiýanuewanyň, şeýle hem, gelip çykyşy basklardan bolan Petronily Alkaýagi de Molinanyň maşgalasynda 1889-njy ýylyň 7-nji aprelinde dünýä inýär. Mistralyň kakasy şahyr, sazanda bolup, ýerli baýramçylyklar üçin şygyr düzüpdir we belli bir mekansyz durmuş ýörelgesini alyp baryp, maşgaladan hemişe üzňe ýaşapdyr. Mistral 1892-nji ýylda ejesi bilen Monte-Grande göçýär, ýene-de 9 ýyldan bolsa, La-Serena şäherine göçüp barýar. Ol ýerde onuň öweý gyz dogany mugallymçylyk edýär. Onuň täsiri bilen Mistral bu kärde işlemegi ýüregine düwýär. Onuň syýasy düşünjesi ýerli gazetlerde çap edilen makalalarynda we şygyrlarynda öz erkin pikirini beýan etmäge mümkinçilik berýär. 1907-nji ýylda La-Kantera obasynda mugallymyň kömekçisikä, demirýolçy Romelio Ureta bilen tanyş bolup, basym goş birikdirýär. Ýöne iki ýyldan soň, Ureta aradan çykýar. Ýanýoldaşynyň ölümi Mistrala agyr degýär we 1914-nji ýylda oňa bagyşlap, ilkinji çuňňur şahyrana eseri “Ölüm sonetini” ýazýar. Onuň bu eseri Santýagodaky “Gülleriň şüweleňi” atly Çili edebiýat bäsleşiginde ilkinji baýraga mynasyp bolýar. Ýaş şahyr zenan söýgi şygyrlarynyň özüniň pedagogik işine zyýan ýetirerinden ätiýaçlanyp, “Ölüm sonetini” söýgüli italýan ýazyjylary Gabriele D’Annunsio we Frederik Mistralyň hormatyna Gabriela Mistral diýen tahallus bilen neşir etdirýär. Şahyr zenan bu tahallusy bilen basym tutuş ispan dilli dünýäde giňden tanalyp ugraýar. Adamsy aradan çykandan bir ýyl soňra, Mistral Santýagoda pedagogik okuw mekdebinde mugallymçylyk edip, tiz ösüş gazanýar. Basym ol demirgazykdaky Çiliý şäheri Antofagastada baş gözegçi, şol birwagtyň özünde taryh, geografiýa we ispan dili ugrundan mugallym bolýar.
Soňra Gabriela ýurduň günortasyndaky Punta-Arenasa göçüp gelýär we iki ýyla çeken dartgynly işiniň dowamynda, şygyrlar toplumyny döredip, agyr ruhy ýagdaýyndan halas bolýar. Mistral Punta-Arenasdan Çiliniň indeý bölegi Temuko göçüp baryp, ol ýerde zenanlar okuw mekdebine müdirlik edýär. Ol bu ýerde eýýäm 16 ýaşyndan ýerli edebiýat jemgyýetiniň başlygy Pablo Neruda bilen tanyşýar. Ol Mistralyň zehinine, şahyrçylyk ukybyna ýokary baha berýär.
Mistral 1921-nji ýylda Santýagonyň okuw mekdebiniň müdirligine bellenýär. Ol paýtagta gelenden soň, Kolumb uniwersitetiniň professory Federiko de Onis bilen tanyş bolýar. Federiko oňa Kolumb uniwersitetiniň ýanyndaky Ispan institutynyň maliýe goldawy bilen “Lapykeçlik” (“Desolacion”, 1922) diýen şygyrlar ýygyndysyny neşir etmäge kömek edýär. Bu eserdäki hasrat temasy oba tebigatynyň gözelligi we durmuşy bilen utgaşyp gidýär. Şahyryň dili juda ýeňil, sada. Ispan institutyndaky abraýy, şeýle hem ilkinji eserleriniň Çiliden daşarda neşir edilmegi oňa dessine halkara derejesinde abraý getirýär. Amerikan edebiýatçysy Alfred Ortis-Wargas “Şygryýet hakda ylym” diýen eserinde “Mistral ýaly şahyryň peýda bolmagy döwrüň uly wakasy, çünki onuň şygyrlarynda bakyýetiň yzlary mese-mälim duýulýar. Onuň şygryýeti okyjyny asyllylyga, adamkärçilige, pähimlilige, beýik maksatlara, tüýs ýürekden duýgudaşlyga çagyrýar” diýip ýazýar.
Mistral Santýagodaky okuw mekdebiniň müdirligine bellenenden köp wagt geçmänkä, Çilide uniwersiteti tamamlandygy hakyndaky tassyknamasy bolmadyklaryň mugallym bolup işlemegini gadagan edýän kanun çykarylýar. Şeýlelikde, ol işinden gitmeli bolýar, ýöne basym Meksikanyň bilim ministrliginden meksikan mekdepleri we kitaphanalary üçin özgertmeleriň taslamasyny düzmek üçin çagyryş alýar. Mistralyň işläp düzen taslamasy şowly çykýar. Şahyr Meksikada ýaşap, indeýleriň taryhyny öwrenmäge we ýurda syýahat etmäge wagt tapýar. Mistral Meksikadan Birleşen Ştatlara ugraýar, ol ýerdenem Ispaniýa, Şweýsariýa we Italiýa gidýär. Haçan-da, Çilä dolananda, edil bu ýurduň medeniýetiniň we biliminiň doly ygtyýarly wekili hökmünde hormat bilen garşylanýar hem-de latyn-amerikan medeniýeti boýunça hökümetiň maslahatçysy wezipesine bellenýär.
Mistralyň “Mähir” (“Ternura”, 1924) atly ikinji şygyrlar ýygyndysy hem uly üstünlik gazanýar. Ol neşir edilenden iki ýyl soňra, Mistral Milletler ligasynda röwşen pikirliler hyzmatdaşlygy boýunça komitetde işlemek üçin Pariže gidýär. Onuň wezipesi esasan, Ýewropada çap etmek üçin latyn-amerikan awtorlarynyň eserlerini saýlamakdan ybarat bolup, şol wagt Saýgonda Çili konsuly bolup işleýän Nerudanyň eserlerini hödürleýär.
Şahyr 1930-1931-nji ýyllarda Kolumb uniwersitetiniň Barnard kollejinde latyn-amerikan edebiýatyndan sapak berýär, şol birwagtyň özünde Wassar, Middlberi kollejlerinde, Puertorikan uniwersitetinde sapak berýär. Ol diplomatik karýera eýe bolýar, 1932-nji ýylda Çiliniň Italiýadaky konsuly, 1934-nji ýyldan hem Çiliniň Ispaniýadaky konsuly bolup işleýär. 1938-nji ýylda onuň “Ýok etme” (“Tala”) diýen şygyrlar ýygyndysy çykýar. Mistral şol ýyl Çiliniň Fransiýadaky konsuly wezipesine bellenýär, ýöne Ikinji jahan urşy zerarly Braziliýa gidýär. Bu ýerde ol Awstriýadan gelen ýazyjy Stefan Sweýg bilen ýakyn dostluk gatnaşyklaryny saklaýar.
Şahyr 1945-nji ýylda “Bütin Latyn Amerikasyna onuň adyny idealistik ymtylyşlaryň nyşanyna öwren çynlakaý duýga ýugrulan şygryýeti üçin” Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar. Şeýlelikde, Mistral edebiýat boýunça Nobel baýragyny alan ilkinji latyn-amerikan ýazyjysy bolýar.
Ol 1946-njy ýylda Çiliniň Los-Anjelesdäki konsuly, şol birwagtyň özünde bolsa, BMG-niň adam hukuklary boýunça Komissiýasynda işleýär. 1951-nji ýylda Çiliniň milli edebiýat baýragy bilen sylaglanýar we şol ýyl ýene-de Çiliniň Italiýadaky konsuly wezipesine bellenýär. Ýöne saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy zerarly dynç alşa çykýar we Nýu Ýorkdaky öýüne göçüp gelýär. Saglyk ýagdaýyna garamazdan, şahyr 1954-nji ýylda Çiliý uniwersitetiniň hormatly derejesini almaga we Prezident köşgünde 200 adamyň öňünde çykyş etmäge öz watanyna gidýär. Ol Nýu Ýorka dolanyp barandan soňra, Kolumb uniwersitetiniň hormatly derejesi bilen sylaglanýar. 1954-nji ýylda “Miwe sykylýan jaý” (“Lagar”) atly şygyrlar kitabyny neşir etdirýär.
Mistral 1957-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda 67 ýaşynyň içinde Nýu Ýorkda düwnük keselinden aradan çykýar. Ol öz watanyna äkidilip, çagalygynyň alabaharyny geçiren ýeri Monte-Grandede depin edilýär. Onuň guburynda “Öz suratkeşi bolmadyk halk – jansyz ruhdur” diýen ýazgyly ýadygärlik goýulýar.
Onuň şygyrlaryny terjime eden amerikan şahyry Lengston Hýuz “Ispan dilli ýurtlarda Gabrielanyň şygyrlaryny her bir öýde okaýarlar. Onuň şygyrlary ýönekeýligi, tebigylygy bilen tapawutlanýar” diýip ýazýar. Çili şahyry we edebiýatçysy Torres-Rioseko Arturo bolsa, oňa belli pedagog we şahyr hökmünde baha berýär. “Onuň täzelikçilik çemeleşişi ýaş ýazyjylar üçin göreldedir” diýip belläp geçýär.